Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Soçide RF-niň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy

16:2911.10.2017
0
10522

11-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Soçi (Russiýa Federasiýasy) şäherine gelen türkmen Lideri “Radisson Blu Resort & Congress Centre” kaşaň myhmanhanasynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Russiýanyň Baştutany belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, türkmen kärdeşine Soçi şäherine gelip görmek hem-de GDA-nyň Sammitine gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi, şeýle hem ýakynda Türkmenistana bolan resmi saparynyň barşynda RF-niň wekiliýetine mähirli myhmansöýerli bildirendigi üçin türkmen kärdeşine hoşallyk bildirdi.

Prezident Wladimir Putin Aşgabatda geçirilen duşuşygyň barşynda ähli ugurlar boýunça döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm, düýpli ylalaşyklara gol çekilendigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa netijeli bilelikdäki iş üçin ýene-de bir gezek çuňňur hoşallygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Baştutany hoşniýetli sözler hem-de Soçide geçirilýän Sammite gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, pursatdan peýdalanyp, Russiýanyň Liderini ýakynda bellenilen doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow RF-niň Prezidentine berk jan saglyk, döwlet işlerinde uly üstünlikleri we ähli abadançylyklary arzuw edip, rus kärdeşine Wepaly atly alabaý güjügi sowgat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, alabaý itleri gadym döwürlerden bäri türkmen halkynyň wepaly hemrasy we dosty bolup durýar. Wepaly atly alabaý itiniň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şekili hökmünde saýlanyp alynmagy tötänden däldir.

Prezident Wladimir Putine gowşurylan bu sowgat köpasyrlyk türkmen-russiýa dostluk ýörelgelerine ygrarlylygy hem-de iki döwletiň Baştutanlarynyň özara ynama esaslanýan şahsy gatnaşyklaryny alamatlandyrýar.

Türkmen Lideri Russiýanyň Prezidentiniň ekologiýa, haýwanat we ösümlik dünýäsini goramak meselelerine uly üns berýändigini nygtap, sowgat berlen güjügiň alabaý tohumynyň iň gadymy we täsin wekilidigini aýtdy.

Türkmenistanyň Baştutany güjügiň eňsesinden tutup, ýokaryk galdyrdy hem-de şeýlelikde itiň häsiýetine baha berilýändigini düşündirdi. Şunda Wepaly özüni iň gowy tarapdan görkezdi, diýmek, ol batyrgaý we çydamly it bolup ýetişer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň