Turkmenportal logo
14:7
6785967859
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda goýumyň haýsy görnüşleri bar we haýsy bankda goýum goýmak amatly
Türkmenistanda goýumyň haýsy görnüşleri bar we haýsy bankda goýum goýmak amatly

Ýurdumyzyň banklary tarapyndan raýatlara birnäçe hyzmatlar hödürlenýär. Şolaryň biri goýum hyzmatlary bolup durýar. 


Goýum hyzmaty – bankda pul goýlan ýagdaýynda, belli möhletiň içinde şol goýlan puluň üstüne goýumyň hasaplanylmagy manysyny berýär.


Şeýle-de, banklar tarapyndan raýatlara birnäçe ýyl bäri “Goýum bank karty” hem hödürlenýär. Bu hem goýum hyzmaty bolup, bank karty görnüşinde hereket edýär.



Mysal üçin, bankda 1 ýyl möhlet bilen, 10% derejede 100 manat goýulsa, 1 ýyldan soň şol puluň 110 manat bolmagy ýa-da “Goýum bank kartyna” 100 manat goýulsa, bankyň hödürleýän ýyllyk derejesine görä bank kartynda pullaryň köpelmegi.


Makalamyzda banklaryň goýum hyzmatlary (şol sanda “Goýum bank karty”) barada gürrüň bereris hem-de olaryň haýsysynyň amatlydygyny nygtap geçeris.


Makala banklaryň resmi web-saýtlaryndaky maglumatlar esasynda taýýarlanyldy.


Şu günki günde goýum hyzmatlaryny hödürleýän banklar:


1. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky


Bankda berilmegi talap edilýänçä goýumlaryň bardygy habar berilýär. Şu salgy boýunça okap bilersiňiz. 




2. Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik banky


Şahsy taraplar üçin birnäçe goýumlar hödürlenýär. Baýramçylyk senelerinde bank tarapyndan goýumlaryň täze görnüşleri hem hödürenýär. Goýumlaryň görnüşi bilen içgin tanyşmak üçin şu ýerde.




3. Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banky


Dürli görnüşli goýumlar bar. Olar şu salgyda




4. Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky


Raýatlar üçin birnäçe görnüşli goýumlar bar. Şu salgy boýunça geçip okap bilersiňiz.




5. “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky


“Senagat” paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan hem raýatlara dürli görnüşli goýumlar hödürlenýär. Şu salgyda olar bilen tanyşyp bilersiňiz. 




6. Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky


Bank tarapyndan hödürlenýän goýumlar şu salgyda.



Web-saýtlarynda maglumat berilmedik banklardan telefon arkaly jaň edip, goýum hyzmatlary barada anyk maglumat almak bolar.


Şeýle hem, ýurdumyzyň banklary tarapyndan birnäçe ýyl bäri raýatlara “Goýum bank karty” atly täze bank karty hödürlendi. Bu görnüşli kartlar we olaryň amatlyklary barada şu makalamyzda ýazypdyk.



“Goýum bank kartynyň” adaty bank kartyndan (aýlyk bank karty) tapawudy şu tablisada gysgaça görkezilen:


Amalyň görnüşi “Goýum bank karty” Aýlyk bank karty Karta nagt pul goýmak + - Bankomatdan nagt pul almak + + Nagt puly kassadan almak + - Haryt we hyzmatlar üçin nagt däl tölegleri geçirmek + + Ýyllyk göterim (peýda) derejesi Banka görä üýtgeýär, 6%-7% aralygynda 5% “Internet-bank”, “Mobil-bank” hyzmatlary + +


“Goýum bank kartynyň” banklar boýunça ýyllyk göterim derejesine görä aşakdaky tablisany taýýarladyk.


t/b Bankyň ady Goýum bank kartynyň ýyllyk göterim derejesi Web-saýtyndan maglumat 1 “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banky 7% Şu salgyda 2 Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky 6,8% Şu salgyda 3 Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik banky 6,5% Şu salgyda 4 “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky 6% Şu salgyda 5 Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky 6% Şu salgyda 6 “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky 6% Şu salgyda 7 Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banky 6% Şu salgyda 8 Türkmenistanyň “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky 5% Web-saýtynda maglumat görkezilmedik

 


Şu salgyda wideo görnüşimizi hem görmegiňizi maslahat berýäris.


Görnüşi ýaly, her bankda amatly goýum hyzmatlary bar. Olary özüňize görä saýlap, peýdalanyp bilersiňiz. Şeýle hem, “Goýum bank kartlarynyň” ýyllyk göterim derejeleri bilen Sizi tanyşdyrdyk.


Siz goýum hyzmatlaryndan peýdalanýarsyňyzmy? “Goýum bank kartyňyz” barmy? Haýsy bankyň goýum bank kartyndan peýdalanýarsyňyz? Bize ýazyň, biz hem öz gezegimizde gyzykly maglumatlary paýlaşmaga dowam ederis.