Türkmenistanyň raýatyna daşary ýurtlara gitmek üçin zerur bolan halkara pasporty 5 ýyl möhlet bilen berilýär. Bu resminama ýurduň çäginden daşyna çykan raýatyň şahsyýetini tassyklaýar. Şonuň üçin-de daşary döwlete gitmek isleýän raýat üçin bu pasporty almak hökmanydyr. Bu makalada biometriki pasporty almak ýa-da çalyşmak üçin gerek resminamalaryň sanawyny görkezýäris.
1. Türkmenistanyň raýatynyň biometriki pasporty almak ýa-da çalyşmak üçin arzasy;
2. 30 mm x 40 mm ölçegli bir reňkli surat(yzy ak reňkde bolmaly);
3. Türkmenistanyň raýatynyň pasporty(16 ýaşa ýetenler üçin);
4. Dogluş hakynda şahadatnama(dogluş hakynda şahadatnamanyň ýa-da belliknamanyň saklamadyk ýagdaýynda raýatlyk ýagdaýynyň bellige alynmandygy hakynda resminama);
5. Hemişelik ýaşaýan ýerinden 1 aýlyk möhleti bolan kepilnama(ýurduň çäginden hemişelik ýaşamak maksady bilen daşary ýurda giden Türkmenistanyň raýatlary üçin bu resminama zerur däl);
6. Daşary döwlete hemişelik ýaşamak üçin giden Türkmenistanyň raýatynyň şol ýurtda ýaşaýandygyny tassyklaýan resminama;
7. Nika baglaşylandygy ýa-da bozulandygy hakynda şahadatnama we onuň nusgasy(raýatda bu resminamalaryň saklanmadyk halatynda raýatlyk ýagdaýynyň bellige alynmandygy hakynda resminama);
8. Harby biledi ýa-da harby hasaba alyş resminamasy(harby borçlulygy bar raýatlar üçin), harby gullukçylaryň şahsyýetnamasy(65 ýaşdan geçen raýatlar üçin zerur däl);
9. Harby gullukçylaryň degişli edarasynyň ýolbaşçysynyň rugsatnamasy we biometriki pasporty almaga güwä haty(6 aý möhlet bilen);
10. Döwlet borçlarynyň tölenendigi hakynda töleg kagyzy;
11. 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň ene-atalarynyň pasportlary we nusgalary;
12. 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň Türkmenistandan daşary ýurtlara gidilende we daşary ýurtlardan Türkmenistana gelnende Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny almagy üçin käbir ýagdaýlarda şu resminamalar gerekdir:
13. Bar bolan halatynda 16 ýaşyna ýetmedik çaganyň ene-atasynyň ikisiniň ýa-da biriniň daşary ýurt(ýurtlaryň) pasporty(pasportlary);
14. Wekiliň hukugynyň kanunylygyny tassyklaýan kanuny wekiliň resminamasy;
15. Kanuny wekil bellenen raýatyň pasporty;
16. Raýatyň şahsy maglumatlarynyň üýtgedilendigini tassyklaýan resminama;
17. Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistana gelmek we gitmek üçin niýetlenilen pasportynyň ýitirilen ýa-da ogurlanan ýagdaýynda:
18. Raýatyň barmaklarynyň yzyny almaga garşy görkezmeleri tassy;klaýan resminama ýa-da lukmançylyk kepilnamasy, şeýle hem pasport almak üçin ýüz tutan adamyň goly;
19. Bar bolan halatynda beýleki daşary döwletiň(döwletleriň) pasporty(pasportlary) ýa-da olaryň ýerini tutýan resminama.
19¹. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ulgamyna maglumatlar girizilenden soň, raýatyň resminamalarynyň asyl görnüşiniň elektron nusgasy(skanirlenen görnüşi) göçürilen elektron göterijiler olaryň eýelerine gowşurylýar.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň saýtynda gerek bolan halatynda başga resminamalaryň hem talap edilýändigi hakynda habar berilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň raýatynyň ýurduň çäginden gitmek we gelmek üçin zerur bolan paspoty almagy ýa-da çalyşmagy üçin ýokarda sanalan resminamalaryň haýsydyr biriniň görkezilip bilinmedik halatynda, onuň arzasy we bu resminamanyň ýerine hödürleýän resminamasy Türkmenistanyň
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň rugsady bilen kabul edilip bilner.
Şeýle-de okaň: