“Türkmenportal”-yň okyjylarynyň iň köp gyzyklanýan soraglarynyň biri – Türkmenistanyň raýatlaryna haýsy ýurtlarda wiza talap edilmeýär?
Bu soragy aýdyň düşündirmekligi zerurlygyny göz öňünde tutup, şu anyk maglumatlary toplamaga we size ýetirmäge çalyşdyk. Bu sanaw dünýäde syýahatçylyk maglumatlaryň iň uly we iň anyk maglumatlar bazasyny ýöredýän Halkara howa ulaglar birleşiginiň (IATA) berýän maglumatlary esasynda düzülen.
Türkmenistan 2020-nji ýylyň dördünji çärýeginde “Henleý & Partners” guramasynyň düzen dünýä pasportlarynyň sanawyndaky ornuny kämilleşdirdi. Türkmen pasporty 87-nji ýere geçip, üç basgançak ýokary galmagy başardy (2019-njy ýylda 90-njy ýerde).
Agzalan sanawa laýyklykda, pasportyň “güýji” onuň eýesiniň wizasyz girip biljek ýa-da giriş wizasyny alyp bilýän döwletleriniň sany bilen ölçenilýär.
Türkmenistanyň raýatlary dünýäniň 53 ýurdundan wiza alyp ýa-da wizasyz syýahat edip bilýärler. 17 ýurt tükmen raýatlaryna elektron wizany resmileşdirip berýärler we elektron poçta arkaly ýurda girmäge bolan rugsady ugradýarlar. Raýatlar syýahata gitmezden öň ony diňe çykardaýmagy galýar.
№ Ýurtlar Ýaşamagyň möleti/dowamlylygy 1. Bangladeş gelip alynýan wiza – 30 gün 2. Kamboja elektron wiza, gelip alynýan wiza – 30 gün 3. Indoneziýa wiza talap edilmeýär – 30 gün 4. Laos elektron wiza, gelip alynýan wiza – 30 gün 5. Makao gelip alynýan wiza – 30 gün 6. Malaýziýa wiza talap edilmeýär – 90 gün 7. Maldiw adalary gelip alynýan wiza – 30 gün 8. Nepal gelip alynýan wiza – 90 gün 9. Flippinler wiza talap edilmeýär – 90 gün 10. Şri-Lanka elektron wiza, gelip alynýan wiza – 30 gün 11. Täjigistan elektron wiza, gelip alynýan wiza – 45 gün 12. Gündogar Timor gelip alynýan wiza – 30 gün 13. Özbegistan wizasyz syýahat – 5 gün 14. Siriýa elektron wiza, gelip alynýan wiza – 45 gün 15. Liwan gelip alynýan wiza – 1 aý 16. Iordaniýa gelip alynýan wiza – 3 aý 17. Eýran aeroporta gelmek bilen alynýan wiza - 30 gün 18. Kabo-Werde gelip alynýan wiza 19. Komorlar gelip alynýan wiza – 45 gün 20. Gambiýa wiza talap edilmeýär – 90 gün 21. Gwineýa-Bissau gelip alynýan wiza – 90 gün 22. Keniýa elektron wiza, gelip alynýan wiza – 3 aý 23. Madagaskar elektron wiza, gelip alynýan wiza – 90 gün 24. Mawritaniýa gelip alynýan wiza 25. Mawrikiý gelip alynýan wiza – 60 gün 26. Mozambik gelip alynýan wiza – 30 gün 27. Namibiýa wiza talap edilmeýär – 3 aý 28. Ruanda elektron wiza, gelip alynýan wiza – 30 gün 29. Senegal gelip alynýan wiza 30. Seýşel adalary gelip alynýan wiza – 3 aý 31. Somali gelip alynýan wiza – 30 gün 32. Togo gelip alynýan wiza – 7 gün 33. Uganda elektron wiza, gelip alynýan wiza 34. Zimbabwe elektron wiza, gelip alynýan wiza – 3 aý 35. Kuk adalary, Täze Zelandiýa wiza talap edilmeýär – 31 gün 36. Marşal adalary gelip alynýan wiza – 90 gün 37. Mikroneziýa Federatiw döwletleri wiza talap edilmeýär – 30 gün 38. Niue, Täze Zelandiýa wiza talap edilmeýär – 30 gün 39. Palau gelip alynýan wiza – 30 gün 40. Samoa wiza talap edilmeýär – 60 gün 41. Tuwalu gelip alynýan wiza – 1 aý 42. Antigua we Barbuda 42 wiza talap edilmeýär – 30 gün 43. Barbadros wiza talap edilmeýär – 28 gün 44. Dominika wiza talap edilmeýär – 21 gün 45. Gaiti wiza talap edilmeýär – 3 aý 46. Ýamaýka gelip alynýan wiza – 30 gün 47. Keramatly Winsent we Grenadinler wiza talap edilmeýär – 1 aý 48. Boliwiýa Köpmilletli döwleti gelip alynýan wiza – 90 gün 49. Ekwador wiza talap edilmeýär – 90 gün 50. Nikaragua gelip alynýan wiza – 90 gün 51. Gruziýa wiza talap edilmeýär – 1 ýyl 52. Armeniýa elektron wiza, gelip alynýan wiza – 180 gün, aýda 53. Türkiýe
wiza talap edilmeýär – 30 gün
Türkmenistanyň raýatlaryna elektron wiza berýän ýurtlaryň sanawy:
№ Ýurtlar Ýaşamagyň möleti/dowamlylygy 1 Günorta Sudan 6 aýa çenli 2 Azerbaýjan 30 gün 3 Kot-Diwiuar 3 aý 4 Jibuti 31 gün 5 Efiopiýa 90 güne çenli 6 Gabon 7 Gwineýa 8 Gyrgyzystan 9 Lesota 10 Malawi 90 güne çenli 11 Katar 12 San Tome we Prinsipi 13 Singapur 14 Surinam 15 Zambiýa 16 Päkistan 17 Benin 30 günden - 90 güne çenli