Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi elektrik bekedini gurnamak üçin esasy enjamlary we materiallary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

0
5949
Address:
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 52-nji jaýy. Söwda toplumy binasy.
Phone:
44-64-21, 44-62-44.
Mail:
sowda.min.12@online.tm
Last update:

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi güýjenmesi 110/35/6 kW bolan elektrik bekedini gurnamak üçin esasy enjamlary we materiallary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Degişli rugsatnamasy bolan, bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän ýuridik taraplar, hususy telekeçiler ýazmaça arza bermeli we bäsleşige degişli resminamalary almaly.

Arza tabşyrylanda, pul serişdelerini geçirmek üçin hasap berilýär. Degişli bäsleşik resminamalaryny şu habar ýerleşdirilen gününden başlap, 15 iş gününiň dowamynda alyp bilerler.

Enjamlary we materiallary satyn almagyň maliýeleşdirilmegi milli manatda göz öňünde tutulmaly.

Bäsleşik boýunça teklipler 2021-nji ýylyň 23-nji dekabryna, sagat 17.00-a çenli şu salgyda kabul edilýär: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 52-nji jaýy. Söwda toplumy binasy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-64-21, 44-62-44, faks belgisi: 44-65-08.

Elektron salgysy: e-mail: sowda.min.12@online.tm

If you notice an error in the text, please select it and press < strong> Ctrl + Enter

Comments
To leave a comment, log in or register
By topic