Balkan welaýat häkimligi gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek üçin bäsleşik yglan edýär

0
5864
Address:
Balkanabat şäheriniň Gurbansoltan eje şaýolunyň 14-nji kwartalynyň 14-nji jaýy.
Phone:
2-01-04, 2-01-15.
Last update:

Balkan welaýat häkimligi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda täze, döwrebap obany gurmak hakynda» Kararyna laýyklykda, gurulmaly binalaryň, desgalaryň hem-de inžener ulgamlarynyň gurluşygyny ýerine ýetirmek üçin potratçyny seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Obanyň daşky we içki agyz suw, lagym, elektrik geçiriji ulgamlarynyň, daşky we içki awtoulag ýollarynyň, agyz suwuny süýjediji desgasynyň, lagym suwlaryny süzüji meýdançanyň we lagym sorujy bekediniň, oba barýan hem-de obanyň içerki gaz geçiriji ulgamynyň, şeýle hem obada 1 sany 260 orunlyk mekdebiň, 160 orunlyk çagalar bagynyň, Saglyk merkeziniň, Geňeşligiň, Polisiýanyň we ýangyna garşy göreş gullugynyň edara binalarynyň, 200 orunlyk Medeniýet öýüniň, seýilgähiň, 1 gatly, 4 otagly ýaşaýyş jaýlarynyň 32-siniň gurluşyklaryny ýerine ýetirmek.

Salgysy: Balkanabat şäheriniň Gurbansoltan eje şaýolunyň 14-nji kwartalynyň 14-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 2-01-04, 2-01-15.

If you notice an error in the text, please select it and press < strong> Ctrl + Enter

Comments
To leave a comment, log in or register
By topic