Top.Mail.Ru

Latest News

News Archive

Daşoguz welaýat häkimligi potratçylary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

0
6134
Phone:
9-03-02; 9-03-14
Last update:

Daşoguz welaýat häkimligi Daşoguz şäheriniň Görogly köçesiniň ugrundaky ýaşaýyş jaý toplumynda gurulýan 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň daşky inžener ulgamlarynyň gurluşyk-gurnama işlerini welaýatyň şäherleriniň, şäherçeleriniň we oba ýerleriniň çäklerini abadanlaşdyrmak üçin maksatlaýyn ýygymlaryň hasabyna ýerine ýetirmek üçin potratçylary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermek;

— edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;

— hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;

— häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri hakda maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2021-nji ýylyň 20-nji martyna, her iş güni sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 9-03-02; 9-03-14; faks belgisi: 9-30-85.

If you notice an error in the text, please select it and press < strong> Ctrl + Enter

Comments
To leave a comment, log in or register
By topic