Balkan welaýat häkimligi lagym suwlaryny biologik arassalaýjy desga gerek bolan himiki reagentler üçin bäsleşik yglan edýär

0
6233
Address:
Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, Gurbansoltan eje şaýoly, 14-nji ýaşaýyş jaý toplumy, 14-nji jaý.
Phone:
(800222) 77700; 20033; tel/faks (800222) 60089; 20029.
Last update:

Balkan welaýat häkimligi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän kuwwatlylygy bir gije-gündiziň dowamynda 35 000 kub metr bolan deňiz suwuny süýjediji desga, Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän, kuwwatlylygy bir gije-gündiziň dowamynda 50 000 kub metr bolan deňiz suwuny süýjediji desga we Awaza etrabynda ýerleşýän, kuwwatlylygy bir gije-gündiziň dowamynda 70 000 kub metr bolan lagym suwlaryny biologik arassalaýjy desga gerek bolan himiki reagentler üçin üpjün edijini saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär.

LOT ¹ 1 — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän, kuwwatlylygy bir gije-gündiziň dowamynda 35 000 kub metr bolan hem-de Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän kuwwatlylygy bir gije-gündiziň dowamynda 50 000 metr kub bolan deňiz suwuny süýjediji desgalar we Awaza etrabynda ýerleşýän, kuwwatlylygy bir gije-gündiziň dowamynda 70 000 kub metr bolan lagym suwlaryny biologik arassalaýjy desga üçin himiki reagentleri satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşde ýüz tutup, gerek bolan harytlaryň sanawy we möçberleri barada maglumaty şu salgyda ýerleşýän Balkan welaýat häkimliginden alyp bilersiňiz: Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, Gurbansoltan eje şaýoly, 14-nji ýaşaýyş jaý toplumy, 14-nji jaý.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazuw görnüşdäki ýüztutma tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşige teklipler 2021-nji ýylyň 15-nji ýanwaryna, her gün sagat 9-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (800222) 77700; 20033; tel/faks (800222) 60089; 20029.

If you notice an error in the text, please select it and press < strong> Ctrl + Enter

Comments
To leave a comment, log in or register
By topic