Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edildi

0
12854
Address:
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.
Phone:
39-46-39; 39-46-38, 39-46-35
Last update:

1. LOT ¹ 14. 
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň serhet birikmeleri we harby bölümleriniň gurluşyk-gurnama işleri üçin dürli görnüşdäki harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

2. LOT ¹ 37. 
Aşgabat şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň edara binasyna dakmak üçin altynsow titaniumdan çaýylan at ýazgysyny we saglygy goraýşyň nyşanyny hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýynyň ýylylyk çalyşdyryjysyny, şeýle-de şäheriň 16-njy saglyk öýüniň edara binasyna dakmak üçin saglygy goraýşyň nyşanyny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.

3. LOT ¹ 43. 
Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Magtymguly geňeşligindäki güýjenmesi 0,4 kW bolan howa elektrik geçirijisiniň durkuny täzelemek we GKTP-160/10 kWa desgasyny GKTP-250/10 kWa çalyşmak, Türkmenistan geňeşligindäki güýjenmesi 0,4 kW bolan howa elektrik geçirijisiniň GKTP-160/0,4 kWa desgasyny GKTP-250/10 kWa çalyşmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

4. LOT ¹ 70. 
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş müdirliginiň atlary üçin daşy gaply nallary we çüýleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

5. LOT ¹ 71. 
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň zerurlygy üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, enjamlary we serişdeleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

6. LOT ¹ 121. 
Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň demirgazyk-gündogar kiçi etrapçasynyň 1, 2, 3, 5, 5 «a», 11, 12, 14, 16, 18-nji ýaşaýyş jaý toplumlarynda ýaşaýjylaryň elektrik üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen kuwwatlylygy 10-0,4 kW bolan elektrik geçirijini gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

7. LOT ¹ 122. 
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda Baş sakadan Gürji-Goşaoba obalaryna çenli suw geçirijiniň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

8. LOT ¹ 123. 
Balkan welaýatynyň Gumdag şäheriniň M.Esenow köçesinden PÝGG bekedine çenli awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

9. LOT ¹ 127. 
Aşgabat şäheriniň Parahat — 7/3 ýaşaýyş jaý toplumyny gurmak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

10. LOT ¹ 168. 
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň merkezi edara binasynda daşky yşyklandyryş ulgamyny gurnamak işlerini ýerine ýetirmek. 
Buýrujy: Türkmenistanyň Adalat ministrligi.

11. LOT ¹ 182. 
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 40 000 m3 bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň gurluşyk-gurnama işleri üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

12. LOT ¹ 208. 
Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň Gubadag geňeşliginiň Weliýap obasynyň we Jeýhun geňeşliginiň Pagtaçy obasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň elektrik üpjünçiliginiň gurluşyk-gurnama işleri, Abadanlyk geňeşliginiň Agzybirlik obasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň elektrik geçiriji howa ulgamynyň durkuny täzelemek hem-de Akdepe etrabynyň Agöýli geňeşliginiň Galaýer obasynyň elektrik geçiriji howa ulgamynyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

13. LOT ¹ 209. 
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Zaman geňeşliginiň «Öwülýäboýy» obasynyň suw üpjünçiliginiň (suw eltijiniň, II tapgyry) gurluşyk-gurnama işleri üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

14. LOT ¹ 214. 
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Diýar geňeşliginiň Kelteler obasyndaky 600 orunlyk mekdep üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

15. LOT ¹ 219. 
Aşgabat — Türkmenbaşy magistral gara ýolunyň Bäherden etrabynyň Bäherden şäheriniň çäginden geçýän 4560 metr böleginiň ugrunda täze yşyklandyryjylary goýmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

16. LOT ¹ 220. 
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň zerurlygy üçin awtomobil tehnikalarynyň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

17. LOT ¹ 221. 
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň zerurlygy üçin awtomobil tehnikalarynyň tekerlerini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

18. LOT ¹ 223. 
Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mülkamaşa geňeşliginiň Magtymguly obasynyň ýollarynyň durkuny täzelemek, «Mary — ªatlyk — Gurbandurdy post» awtomobil ýolunyň 0-20 km böleginiň durkuny täzelemek, Mary etrabynyň «Zarpçy» daýhan birleşiginiň täze mellek ýerleriniň içki köçeleriniň, oba ýollarynyň durkuny täzelemek, Sakarçäge etrabynyň Mary — Sakarçäge awtomobil ýolunyň 14 — 17 km böleginiň, etrabyň merkezinden Keseýap geňeşligine çenli barýan ýoluň 0-9 km böleginiň durkuny täzelemek hem-de Akýap geňeşliginiň Çetli obasynyň ýollaryny täzeden gurmak üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

19. LOT ¹ 226. 
«Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň şäheri yşyklandyryş müdirligi üçin, Aşgabat şäheriniň ýollarynyň daşky yşyklandyryş ulgamyna hyzmat etmek üçin ulanylýan elektrik enjamlaryny satyn almak. 
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Energetika ministrligi.

20. LOT ¹ 227. 
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Aeroport şäherçesinde 4 gatly, 24 öýli 10 sany ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

21. LOT ¹ 228. 
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky kuwwatlylygy bir gije-gündizde 40 000 m3 bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

22. LOT ¹ 230. 
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky bir gije-gündizde 30 000 m3 bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

23. LOT ¹ 238. 
Aşgabat — Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýoly bilen G.Gulyýew köçesiniň kesişýän ýerinden başlap, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäheriniň günbatar tarapyna çenli böleginiň durkuny täzelemek (II tapgyr, 31,9 — 49 km, PK 345+50 we PK 376+17 köprüleriniň gurluşyk-gurnama işleri bilen) üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi.

24. LOT ¹ 239. 
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň «Täze zaman» ýaşaýyş toplumynyň gündogar tarapyndan halkaly aýlaw ýoluna birikýän, uzynlygy 7800 metr bolan awtomobil ýolunyň (esasy ýol böleginiň) gurluşyk-gurnama işleri üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi.

25. LOT ¹ 243. 
Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna multimediýa konferens aragatnaşygynyň stol ulgamyny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Baş prokuraturasy.

26. LOT ¹ 862. 
Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky kuwwatlylygy bir gije-gündizde 50 000 m3 bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

27. LOT ¹ 941.
Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýoly bilen S.Türkmenbaşy şaýolunyň çatrygynda 1 sany LED ekranyny, S.Türkmenbaşy şaýoly bilen Oguz han köçesiniň çatrygynda 1 sany LED ekranyny, A.Nyýazow şaýoly bilen Garaşsyzlyk şaýolunyň çatrygynda 1 sany LED ekranyny goýmak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

28. LOT ¹ 1113. 
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň ýerlerinden Görogly köçesi bilen Köpetdag şaýolunyň çäginde ýerleşýän 98,70 gektar ýer böleginde damjalaýyn usulda suwaryş ulgamyny gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Bilim ministrligi.

29. LOT ¹ 1114. 
Aşgabat şäheriniň Köpetdag şaýolunyň demirgazyk tarapynda ýerleşýän «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň ýerlerinde uzak aralyga bedewli ýöriş bäsleşiginiň geçirilýän aýlawly çapuw ýodasynyň daş-töwereginden bölünip berlen 309,83 gektar ýer böleginde damjalaýyn usulda suwaryş ulgamyny gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Bilim ministrligi.

Bäsleşik 2020-nji ýylyň 7-nji maýynda geçirilýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin gerek resminamalar, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar barada maglumaty şu salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmaňyzyň esasynda alyp bilersiňiz:
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, telefon belgileri: 39-46-39; 39-46-38, 39-46-35.

If you notice an error in the text, please select it and press < strong> Ctrl + Enter

Comments
To leave a comment, log in or register
By topic