Latest News

News Archive

Daşoguz welaýat häkimligi potratçylary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

0
5538
Phone:
9-03-02, 9-03-14, faks: 9-30-85

Daşoguz welaýat häkimligi Daşoguz — Boldumsaz awtomobil ýolundan Boldumsaz etrabynyň Boldumsaz şäherindäki täze paýlanan mellek ýerlere çenli awtomobil ýolunyň, Görogly etrabyndaky kuwwatlylygy 10 müň m3 bolan agyz suwy arassalaýjy desganyň ýolunyň gurluşyklary, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Gurbansoltan eje geňeşliginiň Kirşenoý obasynyň howa elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşyk-gurnama, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şäheriň howa elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşyk-gurnama işleri hem-de Daşoguz şäherindäki «Merkez — 35/10 kW» elektrik bekediniň, kuwwatlylygy 6 kW we 10 kW bolan howa elektrik geçirijileriniň durkuny täzelemek işleri üçin potratçylary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;

— edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;

— häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2020-nji ýylyň 20-nji martyna, sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 9-03-02, 9-03-14, faks: 9-30-85.

If you notice an error in the text, please select it and press < strong> Ctrl + Enter

Comments
To leave a comment, log in or register
By topic