Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik geçirilýär

0
34168
Address:
Aşgabat ş., Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy
Phone:
39-46-32; 39-46-38
Last update:

1. LOT ¹ 48.
Aşgabat şäherinde Parahat 7/3 ýaşaýyş jaý toplumyny gurmagyň çäklerinde  6,7,8,9,10,11,12,13 belgili ýaşaýyş jaýlary üçin gerek bolan harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
2. LOT ¹ 72.

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda (öňki Ahal welaýatynyň Derweze etraby) täze, döwrebap obany gurmak (2-nji tapgyr daşarky we içerki inžener ulgamlary, desgalary, içki köçeleri, geçelgeleri we seýilgähleri gurmak) üçin gerek bolan harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
3. LOT ¹ 120.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde 5 sany 4 gatly 32 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny we olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak üçin gerek bolan gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.
4. LOT ¹ 152.

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň 30000 m3 suw arassalaýjy desgasyndan Kaka şäheriniň we etrabynyň ýanaşyk obalaryna — Garahan, Artyk, Soltandeşt aralygyndaky obalaryň suw geçiriji ulgamynyň gurluşygyna gerek bolan gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.
5. LOT ¹ 157.

Döwletiň býujetini taýýarlamak, dolandyrmak we makroykdysady çaklamalary ýerine ýetirmek hem-de Gaznanyň töleg ulgamyny kämilleşdirmek bilen bagly (Aşgabat şäherini we welaýatlardaky müdirlikleri hem-de olaryň tabynlygyndaky bölümleri goşmak bilen) serwer, kompýuter enjamlaryny, goşmaça zerur enjamlary we olaryň programma üpjünçiligini satyn almak hem-de ornaşdyrmak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.
6. LOT ¹ 158.

Salgytlaryň tölenilişine gözegçiligi güýçlendirmek, tölegleriň gelip gowşuşyny kämilleşdirmek boýunça elektron salgyt ulgamyny ornaşdyrmak boýunça (Aşgabat şäherini we welaýatlardaky bölümleri goşmak bilen) serwer, kompýuter enjamlaryny, goşmaça zerur enjamlary we olaryň programma üpjünçiligini satyn almak hem-de ornaşdyrmak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.
7. LOT ¹ 159.

Aşgabat şäherini we welaýatlardaky müdirlikleri hem-de olaryň tabynlygyndaky bölümleri goşmak bilen, elektron resminama (hatlar) dolanyşygynyň ulgamyny kämilleşdirmek boýunça programma üpjünçiligini satyn almak we ornaşdyrmak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.
8. LOT ¹ 160.

Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň «Aşgabatýylylyk» tresti üçin kompressor ýagyny, ýork, guradyş filtrini, filtr ýagyny, freon satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
Bäsleşik 2019-njy ýylyň 25-nji martynda geçirilýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin gerek resminamalar, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumaty şu salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmaňyzyň esasynda alyp bilersiňiz: Aşgabat ş., Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, 
tel.: 39-46-32; 39-46-38.

If you notice an error in the text, please select it and press < strong> Ctrl + Enter

Comments
To leave a comment, log in or register
By topic