News Archive

TÜRKMEN DÖWLET YKDYSADYÝET WE DOLANDYRYŞ INSTITUTY

0
33189
Last update:

2018/2019-njy okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:
1. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünärler: statistika; döwlet we ýerli dolandyryş; makroykdysadyýet; ykdysadyýetde we dolandyryşda maglumat ulgamlary; ykdysady kibernetika; elektron işewürligiň ykdysadyýeti; elektron täjirçiligi; ilatyň durmuş üpjünçiligini guramak; marketing; hili dolandyrmak; harytşynaslyk we harytlaryň ekspertizasy; jemgyýetçilik iýmitini guramak).
2. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär: awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň we kompýuter tehnikasynyň programma üpjünçiligi).
Tölegli esasda hünärmenleri taýýarlamagyň ugurlary we hünärleri:
1. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünärler: ykdysadyýet we hojalyk hukugy; maliýe hukugy; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit; ykdysady howpsuzlyk; maliýe menejmenti; gymmatly kagyzlaryň bazary; baha kesmek işi; pul dolanyşygy we karz; dünýä maliýe bazary; dünýä ykdysadyýeti; menejment; kärhananyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; zähmetiň ykdysadyýeti we bazary).
Tölegli esasda bakalawrlary taýýarlamagyň ugurlary:
1. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet; menejment; işewürlik we telekeçilik; täjirçilik).
Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2018-nji ýylyň 8—22-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— şahsy pasportyny;
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Lebap welaýaty — iýul aýynyň 25-i, 27-si we 29-y günleri
Balkan welaýaty — iýul aýynyň 26-sy, 28-i we 30-y günleri
Mary welaýaty — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 2-si we 4-i günleri
Ahal welaýaty — awgust aýynyň 1-i, 3-i we 5-i günleri
Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 6-7-si, 9-y we 11-i günleri
Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 8-i, 10-y we 12-si günleri
Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

  • ykdysadyýet we dolandyryş ugry — matematika, Türkmenistanyň taryhy, geografiýa;
  • awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň we kompýuter tehnikasynyň programma üpjünçiligi hünäri — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
— ykdysady hünärler boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň salgysy: Aşgabat ş., 1972 (Atatürk) köçesi, 73; tel.: 48-62-71, 48-62-76

 

If you notice an error in the text, please select it and press < strong> Ctrl + Enter

Comments
To leave a comment, log in or register
By topic