Soňky habarlar

Arhiw

ÜNS BERIŇ: BÄSLEŞIK! «ŞAŞKA — HALK OÝNY»

17:5202.02.2016
0
4921

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Ýaşlar guramasy we Kärdeşler arkalaşyklarynyň komiteti Türkmenistanyň Nebitgaz ministrliginiň «Nebit-gaz» gazeti bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna hem-de «Nebit-gaz» gazetiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, döredilmeginiň 5 ýyllygyna bagyşlanan «ŞAŞKA — HALK OÝNY» diýen bäsleşigi yglan edýär.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, 2016-njy ýylyň 1-nji fewralyndan 20-nji awgusty aralygynda gazetiň her sanynda Intellektual oýunlar boýunça Bütindünýä olimpiadasynyň dört gezek çempiony, Halkara grossmeýsteri, Türkmenistanyň Milli şaşka merkeziniň agzasy Mustafa Durdyýew tarapyndan taýýarlanan şaşka göçüm tilsimleri çap ediler.

Bäsleşige gatnaşyjylar göçüm tilsimleriniň çözgüdini «Nebit-gaz» gazetine  poçta ýa-da faks arkaly bir hepdäniň dowamynda, ýagny gazetiň nobatdaky sanynda göçümleriň dogry jogabynyň we täze ýumşuň çap ediljek gününe çenli ibermelidir. Ýumşuň jogaplary bilen bilelikde öý salgyňy, telefon belgiňi, işleýän ýa-da okaýan ýeriňi hökman görkezmelidir.

«Nebit-gaz» gazetiniň salgysy: Aşgabat ş.
Arçabil şaýoly, 56.   Tel.(faks) 40-39-37.

Bäsleşigiň ýeňijileri Hormat hatlary we baýraklar bilen sylaglanar:

1-nji orun – telewizor;

2-nji orun – mikrotolkunly peç;

3-nji orun – ykjam telefon.

Bulardan başga-da, bäsleşikde 20 sany höweslendiriji baýrak göz öňünde tutulyp, oňa mynasyp bolanlar «Nebit-gaz» gazetine ýarym ýyllyk abuna ýazylar.

Bäsleşigiň jemi «Nebit-gaz» gazetiniň 5 ýyllygynyň baýram ediljek güni jemlener.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň