Türkmenistanyň Futbol federasiýasy geçen möwsümiň iň gowy 22 futbolçysyny yglan etdi

0
1345
25
0

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy dekabr aýynda tamamlanan 2015-nji ýylyň futbol çempionatynyň netijeleri boýunça ýylyň iň gowy 22 futbolçysyny yglan etdi.

Federasiýanyň metbugat işleri boýunça jogapkäri Amanmuhammet Çaryýewiň «Turkmenportal» saýtyna beren habaryna görä, ýylyň birinji we ikinji düzümini yglan etmek ugrundaky ses berlişige sport žurnalistleriniň 9-sy we futbol hünärmenleriniň 10-sy gatnaşdy. Ses berlişikde futbolçylaryň ýurdumyzyň çempionatynda we milli ýygyndymyzyň düzüminde eden çykyşlary göz öňünde tutuldy.

Türkmenistanyň iň gowy futbolçylaryndan düzülen birinji düzüm:

Derwezewan:

Nikita Gorbunow (“Ahal”)

Goragçylar:

Bahtiýar Hojaahmedow (“Altyn asyr”)

Şöhrat Söýünow (“Altyn Asyr”)

Mekan Saparow (“Balkan”)

Serdar Annaorazow (“Altyn Asyr”)

Ýarym goragçylar:

Guwanç Abylow (“Hazyna”)

Ahmet Ataýew (“Altyn asyr”)

Umidjan Astanow (“Altyn asyr”)

Döwlet Baýramow (“Şagadam”)

Hüjümçiler:

Süleýman Muhadow (“Altyn Asyr”)

Myrat Ýagşyýew (“Balkan”)

Türkmenistanyň iň gowy futbolçylaryndan düzülen ikinji düzüm:

Derwezewan:

Mämmet Orazmuhamedow (“Altyn asyr”)

Goragçylar:

Ýagmyrmyrat Annamyradow (“Balkan” )

Zafar Babajanow (“Ahal”)

Azat Karajaýew (“Şagadam”)

Annasähet Annasähedow (MTTU)

Ýarym goragçylar:

Süleýman Orazow (“Ahal”)

Ýewgeniý Tkaçenko (“Şagadam”)

Amir Gurbani (“Balkan”)

Begenç Annakurbanow (“Altyn asyr”)

Hüjümçiler:

Altymyrat Annadurdyýew (“Ahal”)

Serdaraly Ataýew (“Balkan”)

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru