Soňky habarlar

Arhiw

2016-njy ýylyň hasyly üçin pagtanyň satyn alyş bahalary kesgitlenildi

15:3709.01.2016
0
3895

Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän pagta hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak we ýygnalan pagta hasylynyň hilini ýokarlandyrmak hem-de pagta öndürijiler bilen tabşyrylan önümler üçin geçirilýän hasaplaşyklary kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2016-njy ýylyň pagta hasylyndan başlap pagtanyň  bir  tonnasy üçin döwlet satyn alyş bahalary bellenildi.

Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde pagta önümçiligini maliýeleşdirmegiň we pagta öndürijiler bilen hasaplaşyklary geçirmegiň Tertibiniň taslamasyny hem-de karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri 1 aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň