Türkmenistanda 2016-njy ýylda 1 million 50 müň tonna pagta öndürmek meýilleşdirilýär

0
552
0
0

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny”  üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikasyndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri ýokary hilli berjaý etmek arkaly pagtanyň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi,  Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlikleri:

kärendeçileriň  we ýer eýeleriniň hem-de daýhan birleşikleriniň işini ýokary derejede guramak arkaly 2016-njy ýylda Türkmenistan boýunça 545 müň gektar meýdanda gowaça ekilmegini we 1 million 50 müň tonna möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmäge;

gowaçanyň tohumlaryny etraplar boýunça toprak-howa şertlerine görä, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk   ministrligi tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda ýerleşdirmäge borçly edildi.

Pagta öndürijiler bilen şertnama baglaşmak esasynda olary agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda amatly möhletlerde:

Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligine:

gowaça ekiljek meýdanlaryň ýokary hilli gowaça tohumy bilen;

ýerleri ekişe taýýarlamak, gowaça ekmek, oňa ideg etmek we pagta ýygmak bilen bagly tehniki hyzmatlar bilen;

gowaça meýdanlaryny suwaryş suwy bilen;  

“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine mineral dökünleriň ýeterlik möçberi bilen üpjün etmek tabşyryldy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru