Arhiw

Wideşekilli iş maslahatynda 2016-njy ýylyň meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy

11:4206.01.2016
0
3007

5-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda 2015-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça geçiriljek giňişleýin mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly bolan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatynda 2016-njy ýylda Türkmenistany ösdürmek bilen bagly möhüm wezipeleriň birnäçesine, şeýle hem tiz çözülmegini talap edýän käbir beýleki meselelere garaldy.

Iş maslahatyna gatnaşyjylar gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, "Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly" diýlip yglan edilen 2016-njy ýylda  öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.
Hasabatlaryň barşynda döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlarynda  kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak, ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berildi.  

Mundan başga-da,  ilatyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň senagat düzümini kämilleşdirmek, täze önümçilik kuwwatlyklaryny işe girizmek hem-de pudaklaryň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýyllyk  iş meýilnamalarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan döwlet maksatnamalaryny  has netijeli amala aşyrmak boýunça çäreler kesgitlendi.

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 8-nji ýanwarynda geçiriljek giňişleýin mejlisine taýýarlygyň çäklerinde pudaklaryň işini kämilleşdirmäge, olara dünýäniň ösen tejribesini, täzeçil tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga, döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge, bilelikdäki iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge bolan çemeleşmeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň