Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geleşikleriň 21-si bellige alyndy

0
446
0
0

Daşary ýurt walýutasyna Estoniýadan gelen telekeçiler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen benzini satyn aldylar. Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Singapurdan, Maltadan, Owganystandan, Gyrgyzystandan gelen telekeçilere daşary ýurt puluna azyklyk bugdaý, nah ýüplük, pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 719 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, Türkiýeden, Pakistandan gelen işewürler  bahasy 9 million 431 müň manatlykdan gowrak arassalanan pagta ýagyny, nah ýüplügi, hojalyk sabynyny satyn aldylar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru