Soňky habarlar

Arhiw

Köneürgenç etrabyndaky kärhanada içimlik suwuň bir gije-gündizde 50 müň kub metri öndüriler

09:4526.12.2015
0
1426

24-nji dekabrda Köneürgenç etrabynda hem bir gije-gündizde 50 müň kub metr içimlik suwy öndürýän täze kärhana ulanmaga tabşyryldy.

Baş önümçilik binasynda Germaniýanyň “Grundfos”meşhur firmasynyň ýokary öndürijilikli enjamlary oturdylypdyr. Olar suwy arassalamak boýunça tehnologik tapgyrlarda peýdalanylýar. Işleri dolandyrmak doly awtomatlaşdyrylypdyr, peýdalanylmaga taýýar edilen suw ýörite göwrümleriň ikisine doldurylýar, şol ýerden bolsa täze suw geçiriji boýunça sarp edijilere ýetiriler. Kärhananyň toplumyna şeýle hem sorujy beketleriň dördüsi, reagentleriň bölümi, dolandyryş binasy hem-de beýleki düzümleýin desgalar girýär.

Täze desga welaýatda soňky ýyllarda gurlan şonuň ýaly desgalaryň sanyny artdyrdy. Ozal şeýle desga Daşoguz şäherinde, tarp ýerli Ruhubelent etrabynyň “Tüni derýa” hem-de S.Türkmenbaşy adyndaky etrabyň “Bitaraplyk” geňeşliklerinde gurlupdy. Içimlik suwy öndürjek täze kärhanalaryň gurluşyklary etraplaryň ýene-de birnäçesinde alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň