Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

0
428
0
0

21-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler, oba hojalyk pudagyndaky möwsümleýin işleriň barşy, şeýle hem baýramçylyk mynasybetli guraljak dabaralara görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy. 

Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaýa ideg etmek hem-de beýleki möwsümleýin işleriň meýilnama laýyklykda ýerine ýetirilýändigi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatyň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri, baýramçylygyň medeni maksatnamasy barada aýtdy. 

Döwlet Baştutany welaýatyň oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna we bellenilen agrotehniki kadalara laýyk derejede guralmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem Täze ýyl baýramçylygynyň hormatyna guralýan dabaralaryň ýokary derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, welaýatyň çäklerinde bu baýramçylyga hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek, bazarlarda we söwda dükanlarynda azyk bolçulygyny, baýramçylygyň baş nyşany bolan arçalaryň, sowgatlyk önümleriň dürli görnüşlerini üpjün etmek babatda zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew häzirki döwürde welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, ak ekinlere ideg etmegiň barşy, welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda gyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.

Häkim welaýatda gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş maksatly desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamynyň göwnejaý işini üpjün etmek boýunça döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtdy. Şeýle hem ol Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp garşylamak boýunça ýaýbaňlandyrylan medeni çäreler barada habar berdi.

Milletiň Lideri welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalaryň öz möhletinde gurlup gutarylmagy hem-de olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilimegi bilen baglanyşykly wezipelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutany welaýatda Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp derejede garşylamak işlerine jogapkärli, toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady.

Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarow welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaýa edilýän ideg işleri barada hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim welaýatyň etraplarynda alnyp barylýan möwsümleýin işler barada aýtmak bilen, Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan medeni-köpçülikleýin çäreler barada aýtdy.

Döwlet Baştutany Täze ýyl baýramçylygy günlerinde ýolagçy ulaglarynyň, jemagat hojalygy gulluklarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek, welaýatyň, etraplaryň, şäherleriň häkimliklerinde, ähli edara-kärhanalarda baýramçylyk mynasybetli nobatçylygyň guralmagy bilen baglanyşykly meseleleriň möhümdigine ünsi çekdi. 

Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew öz nobatynda, welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem mallaryň dok we ýyly gyşladylmagy ugrunda işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler hakynda aýtdy. Täze ýyl baýramçylygynyň hormatyna guralýan dabaralar baradaky maglumat hasabatyň özenini düzdi. 

Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak ekinlere ideg etmek işleriniň barşy, welaýatyň çäklerinde gurulýan desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagy we olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi boýunça döwlet Baştutanynyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp derejede dabaralandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli medeni çäreler barada habar berdi. 

Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheri abadanlaşdyrmak we onuň ähli künjeklerinde arassaçylygy üpjün etmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim paýtagtymyzyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak, Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guralýan çäreleriň ýokary derejesini üpjün etmek, baýramçylygyň medeni maksatnamasy hakynda habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli ugurlarynda alnyp barylýan işleriň ýokary derejede bolmalydygyny belläp, Aşgabatda abadanlaşdyryş, arassaçylyk işlerine, gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagyna we olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy. 

Milli Liderimiz paýtagtymyzda Täze ýyly mynasyp garşylamak, şanly sene mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şäheriň ähli gulluklarynyň, aýratyn-da, ýolagçy ulaglarynyň we jemagat hojalygy düzümleriniň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeldiginiň belledi. 

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny jemlemek bilen, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp, olary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli çäreleri görmegi, ýerlerde ähli işleriň takyk guralmagyny üpjün etmegi talap etdi. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru