Gazna obligasiýalary barada Karar kabul edildi

0
1382
6
6

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 18-nji dekabrda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna “Türkmenistanyň döwlet gazna obligasiýalaryny goýbermegiň, ýerlemegiň we üzlüşmegiň meseleleri hakynda” kararyň taslamasy hödürlenildi.

Türkmenistanyň Býujet kodeksine we “Gymmatly kagyzlar hakynda” Kanunyna laýyklykda, 2016-njy ýylyň Döwlet býujetiniň girdejileriniň goşmaça çeşmesi hökmünde Türkmenistanyň Maliýe ministrligi tarapyndan  bäş ýyl möhlet bilen  döwletiň gazna obligasiýalaryny çykarmak göz öňünde tutulýar.

Döwlet gazna obligasiýalarynyň ilkinji goýberilişi ýurdumyzda gymmatly kagyzlar bazaryny döretmäge, netijeli maliýe gurallarynyň ulanylmagyny ösdürmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň döwlet gazna obligasiýalaryny goýbermegiň, ýerlemegiň we üzlüşmegiň meseleleri hakynda” karara gol çekip, bu çözgüdiň ýurtda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmäge ýardam berjekdigini belledi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru