Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy

0
367
13
0

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler  Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, gyzdyrylan nebit koksuny satyn aldylar.  Bulardan başga-da, Russiýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler daşary ýurt walýutasyna azyklyk bugdaýy, nah ýüplügi, pagta süýümini we pagta lintini satyn aldylar.  Geleşikleriň jemi  bahasy ABŞ-nyň 49 million 560 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 1 million 22 müň manatdan gowrak bolan arassalanan pagta ýagyny we nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 1 million 928  müň manatdan gowrak möçberde polipropileni (TNGIZT-yň önümi) we azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

“Türkmenistan: hepdäniň wakalary”, TDH. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru