Senagat pudagy boýunça meýilnama 119,1 göterim ýerine ýetirildi

0
174
0
0

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýylyň 10 aýynyň netijelerine bagyşlanyp, 6-njy noýabrda geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça 2015-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda  öndürilen önümleriň we hyzmatlaryň möçberi boýunça meýilnama 119,1 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 112,4 göterim, şol sanda sement öndürmekde 104,6 göterim, magdan däl serişdeleri öndürmekde 128,8 göterim, keramzitiň öndürilişinde 113,9 göterim we gurnama demir-beton önümleriniň öndürilişinde 105,6 göterim boldy.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi boýunça hasabat döwründe önümçilik meýilnamasy 110,2 göterim ýerine ýetirildi, çykarylýan önümleriň möçberiniň ösüş depgini 103 göterim boldy. Hususan-da, nah ýüpligiň öndürilişi boýunça 101,2 göterim, nah matalaryň öndürilişi boýunça 108,4 göterim, tikin we örme önümleriniň öndürilişi boýunça 108,3 göterim, ýüpek matalaryň öndürilişi boýunça 100,1 göterim, aýakgabyň öndürilişi boýunça 100,1 göterim we gön önümlerini öndürmek boýunça 100,2 göterim ösüş gazanyldy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça 2015-nji ýylyň on aýynda öndürilen önümleriniň möçberiniň ösüş depgini 107,5 göterime deň boldy. Şu döwürde pudagyň kärhanalary tarapyndan 35 müň 113 inedördil metr haly önümleri dokaldy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça hasabat döwründe ösüş depgini iki esseden  gowrak artyp, 210,5 göterime, şol sanda mineral dökünleriň önümçiliginde 206,8 göterime, tehniki ýody öndürmekde 100,3 göterime, tehniki uglewodyň öndürilişi boýunça 104,8 göterime, natriý sulfatyny öndürmekde 118,7 göterime   ýetdi.  

Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça 2015-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda öndürilen önümleriň umumy möçberiniň ösüş depgini 176,9 göterime, tutylan balyklar boýunça ösüş depgini 193,3 göterime, balyk we gaýtadan işlenilip gaplanan balyk önümleri boýunça 150,4 göterime barabar boldy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru