Türkmenistanyň Prezidenti pagtaçylaryň zähmet ýeňşi baradaky maglumatlary kabul etdi

0
424
1
0

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryndan hem-de Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň ekerançylarynyň pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlary kabul etdi.

Sebitleriň ýolbaşçylary ýurdumyzyň ähli oba zähmetkeşleriniň adyndan döwlet Baştutanymyzy türkmen daýhanlarynyň täze uly zähmet ýeňşi bilen gutladylar.

Daýhanlarymyz Watan harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyrdylar. Ýurdumyzyň ekerançylary öz üstüne alan borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirip, ýetişdirilen hasyly iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak maksady bilen, batly depginlerde zähmet çekýärler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru