Türkmenistanda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bag ekmek möwsüminiň güýzki tapgyryna badalga berildi

0
762
0
0

3-nji oktýabrda Türkmenistanda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň nobatdaky tapgyry hökmünde bag ekmek möwsüminiň güýzki tapgyryna badalga berildi.

Häzirki köpçülikleýin çäre diňe bir däp bolan çäre bolman, eýsem-de, milletiň Lideriniň BMG-niň belent münberinden beýan eden ekologiýa başlangyçlarynyň ählihalk goldawyna eýe bolýandygynyň nyşanyna, tebigy serişdeleriň goralmagynyň hem-de Ýer ýüzünde durnukly ösüşiň bähbidine umumy asylly işe hakyky goşant hökmünde ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan şeýle uly möçberli we yzygiderli işleriň nusgasyna öwrüldi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörite Kararyna laýyklykda 2015-nji ýylda 3 million düýp bag nahalyny, şol sanda ministrlikler we pudak edaralary hem-de paýtagtyň häkimligi tarapyndan 1,5 million düýp nahal ekmek meýilleşdirildi. Şu ýylyň ýazynda ýaş bag nahallarynyň 1 million 670 müňden gowrak düýbi oturdyldy.

Häzirki wagtda ekilen baglaryň köp bölegini pürli görnüşler bolan sosna, tuýa, serwiniň dürli görnüşleri we beýlekiler düzýär. Ýabany miweli görnüşlere — haýwanlar we guşlar üçin özboluşly iýimlik binýadyna aýratyn üns berilýär. Soňky ýyllarda köp babatda şonuň netijesinde Köpetdagyň eteklerinde haýwanlaryň dürli görnüşleriniň, aýratyn-da, süýdemdirijileriň sanynyň örän artandygy göze ilýär. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen seýrek we ýitip barýan görnüşleri az däldir. Guşlaryň dürli görnüşleriniň sany hem köpelýär.

Bagy-bossanlyga büremek çäresiniň möçberlerini nazarda tutup hem-de ýokary hilli nahallara barha artýan islegi kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda ony taýýarlamagyň öňdebaryjy täze usullary ornaşdyrylýar. Kök ulgamy ýapyk bolan nahallar hem-de iri ölçegli nahallar ýetişdirilýär. Tokaý-seýilgäh zolagynyň damjalaýyn suwarmak ýaly öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy bilen birwagtda döredilmegi möhümdir. Suwarmagyň şeýle usuly suwy tygşytly sarp etmäge mümkinçilik berýär, ony zerur bolan mineral dökünleri peýdalanmak bilen gerek ýerlerine gönükdirmäge ýardam edýär. Tokaýlyklary döretmek boýunça işler ýurdumyzyň welaýatlarynda işjeň alnyp barylýar. Welaýatlaryň her birinde şu möwsümde 525,6 müň töweregi düýp bag nahallary ekiler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä derejesindäki maslahatlarda, şol sanda BMG-niň Bas Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde öňe süren wajyp teklipleri hem daşky gurşawy hemmetaraplaýyn goramaga, adamlaryň durmuşy üçin has amatly şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Halkara jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolup, bu teklipler bilelikdäki halkara ekologiýa taslamalary we maksatnamalary üçin oňat esas bolup hyzmat edýär.

Häzir tutuş adamzat üçin uly ähmiýeti bolan daşky gurşawy goramagyň bar bolan meselelerini çözmekde Türkmenistanyň uly goşandy ykrar edilýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, howanyň üýtgemegine, toprak-suw serişdelerini aýawly peýdalanmaga, çölleşmäge garşy göreşmäge, topragyň zaýalanmagynyň öňüni almaga, deňiz gurşawyny hem-de Hazar deňziniň biologik köpdürlüligini goramaga we ençeme beýleki ugurlara degişlidir.

Ir bilen ýowara gatnaşýan köp sanly adamlar paýtagtymyzyň günorta bölegine, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň täze dolandyryş edaralaryndan hem-de ajaýyp “Ýyldyz” myhmanhanasyndan uzakda bolmadyk ýere ýygnandylar. Bu gün hut şu ýerden uly möçberli nobatdaky bag ekmek möwsümi badalga aldy.

Milletiň Lideri ilkinji bag nahalyny oturdyp, bag ekmek möwsümine badalga berýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň yzýany bilen ýowara gatnaşýan beýleki adamlar hem ýaş agaç nahallaryny oturtdylar.

Milletiň Lideri ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan bagy-bossanlyga büremek maksatnamasyny durmuşa geçirmäge köpçülikleýin gatnaşmagyň ähmiýetine ýokary baha berip, ekilen baglara soňra ideg etmek meselelerine örän jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyny hemişe nygtaýar.

Bu ýerlerde gurnalan ak öýleriň we bassyrmalaryň ýanyndaky meýdançalarda döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazlar häzirki çärä gatnaşyjylaryň ruhubelentligini artdyrdy. Medeniýet we sungat ussatlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Watanymyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini wasp etdiler.

Soňra döwlet Baştutany bu ýere ýygnananlaryň ählisine bag ekmek çäresi tamamlanandan soň, ýowary dowam etmek üçin öz iş ýerlerine barmagy teklip etdi.

Türkmen topragyna hakyky perzentlik söýgini terbiýelän baýramçylyk derejesindäki bu uly çäre bu gün tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyryldy. Bag ekmek işlerine jemi 300 müňden gowrak türkmenistanlylar gatnaşdy. Möwsümiň barşynda şu gün pürli we beýleki görnüşli baglaryň 289 müňden gowrak düýbi ekildi, şeýle hem ozal ekilen 1 million 153 müňden gowrak baglara ideg edildi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru