Ertir “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň täze ajaýyp desgalarynyň üstüni ýetiren Kongresler merkezi Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyna gatnaşyjylara we köp sanly myhmanlara gapylaryny giňden açar. Türkmenistanlylaryň millionlarçasy telewizorlaryň ekranyna golaý-golaý süýşüp, Balkan welaýatynda bolup geçjek taryhy wakanyň gönüden-göni şaýady bolarlar. 2015-nji ýylyň 10-njy sentýabry öz halkyny döredijiligiň we ösüşiň şaýoly bilen ynamly öňe alyp barýan Milli Lideriň — Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan üçin ykbal çözüji ähmiýete eýe bolan möhüm kararlaryň kabul edilen güni hökmünde taryha girer.
Ýurdumyz üçin şanly senäniň — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçýän forumyň gün tertibine döwletiň içeri we daşary syýasatynyň ilkinji nobatdaky meseleleri giriziler. Ýaşulularyň maslahaty ägirt uly üstünliklere ýeten ýurdumyzyň mundan beýläk-de depginli ösmegine nobatdaky badalga bolar.