Türkmenistanda güýzki at çapyşyk möwsümi badalga aldy

0
576
0
0

Paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň atçylyk sport toplumlarynda güýzki at çapyşyk möwsümi badalga aldy we örän meşhur atçylyk sportunyň köpsanly muşdaklaryny ýygnady.

Aşgabat atçylyk sport toplumynda güýzki at çapyşyk möwsümini ýetginjek çapyksuwarlar iki ýaşar bedewleri bilen  açdylar. Olar dokuz çapyşykda 1000 metr aralykda ýaryşdylar, jemleýji 10-njy çapyşykda bolsa 1200 metr aralykda iň ýyndamy kesgitlediler.

Netijede at çapyşyklarynda iň gowy görkezijileri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndan bolan Nurnazar atly çakan at (1 minut 10,7 sekunt), Mynasyp diýen gara gysrak (1 minut 10,2 sekunt), Gurlutaý atly gara at (1 minut 12,4 sekunt), Gara altyn  atly gara gysrak (1 minut 8,4 sekunt), Gumry diýen gara dor at (1 minut 9,4 sekunt), Ogul atly dor at (1 minut 10,4 sekunt), Jannesip atly gara at (1 minut 8,9 sekunt), Märkew diýen  dor gysrak (1 minut 11,8 sekunt), Garaçaý atly gara dor at  (1 minut 13,5 sekunt) we  Aýdere diýen gara gysrak (1 minut 22,4 sekunt) gazandylar.

Türkmenistanda atçylyk sportuny we at çapmak ussatlygyny  giňden ýaýmaga, ilkinji nobatda ýaşlaryň arasynda wagyz etmäge uly üns berilýär.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru