Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisowyň bilelikdäki beýannamasy

0
606
0
0

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisow 2015-nji ýylyň 24-25-nji awgusty aralygynda Türkmenistanda resmi saparda boldy.

Meseleleriň giň toplumyny öz içine alýan we dostluk, özara düşünişmek we hoşniýetlilik ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti we Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Olar iki döwletiň arasyndaky ýokary derejedäki duşuşyklary amala aşyrmagyň möhümdigini aýratyn belläp geçdiler. Bu duşuşyklar ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýüze çykarmaga we şertnama-hukuk binýady gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.

Özara bähbitli hyzmatdaşlygy we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti we Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri dürli derejede Hökümet wekiliýetleriniň saparlaryny amala aşyrmaga hem-de ikitaraplaýyn we halkara gatnaşyklarynyň meseleleri boýunça yzygiderli pikir alyşmaga, şol sanda halkara duşuşyklarynda beýan edilen, iki ýurduň garaýyşlaryna degişli maglumatlary alyşmaga, şeýle hem Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Ýolbaşçylar söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň zerurdygyny biragyzdan tassykladylar we deňlik, özara bähbit ýörelgeleri esasynda ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen tagallalary goldadylar. Olar özara haryt dolanyşygyny, maýa goýumlaryny ösdürmegiň, şeýle hem 2008-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Aşgabatda gol çekilen, Ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bolgariýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini doly peýdalanmagyň zerurdygyny bellediler. Şu maksatlara ýetmek üçin Taraplar ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň ähli görnüşlerini ösdürmäge, bilelikdäki kärhanalary döretmäge we iki ýurduň ykdysady iş ýöredijileriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga hemmetaraplaýyn goldaw bermegi dowam ederler. Ýolbaşçylar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-bolgar toparynyň alyp barýan işinde bu ugurda edilýän bilelikdäki tagallalaryň öz beýanyny tapmalydygyny bellediler. Olar Toparyň 2011-nji we 2014-nji ýyllarda, degişlilikde Sofiýada we Aşgabatda geçirilen iki mejlisinde gazanylan netijelere oňyn baha berdiler we Toparyft üçünji mejlisiniň geçirilmeginiň hyzmatdaşlyk etmek üçin täze mümkinçilikleri ýüze çykarmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Taraplar gurluşyk, energetika, ulag we kommunikasiýalar, syýahatçylyk, oba hojalygy we azyk senagaty pudaklaryny hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlediler.

Türkmenistanyň Prezidenti we Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri 2008-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Aşgabatda gol çekilen, Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistan bilen Bolgariýa Respublikasynyň arasyndaky Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň esasy bolup durýan, energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň möhüm ähmiýetini ýene-de tassykladylar.

Bolgar tarapy tebigy gazyň çeşmelerini we ony Ýewropa ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak mümkinçiligi babatda Bolgariýanyň we Ýewropa Birleşiginiň energetiki howpsuzlygy üçin Türkmenistanyň uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Taraplar 2008-nji ýylyň 26-njy maýynda gol çekilen, Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistan bilen Ýewropa Birleşiginiň arasyndaky Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň möhüm ähmiýete eýedigini bellediler we şol Ähtnamada göz öňünde tutulan maksatnamalara ýetmek üçin hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Taraplar Türkmenistanyň we Bolgariýa Respublikasynyň ulag we üstaşyr geçirmek mümkinçiliklerini ulanmakda, ulag üpjünçilik ulgamyny ösdürmekde, Hazar deňziniň we Gara deňziň porýarynyň mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmak bilen, Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ýükleriň daşalmagyny üpjün edýän halkara ulag geçelgelerini döretmekde hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandyklaryny beýan etdiler.

Ýolbaşçylar Türkmenistan bilen Bolgariýa Respublikasynyň arasynda medeniýet, ylym, bilim, syýahatçylyk we sport babatda, şol sanda ylym we medeniýet wekilleriniň duşuşyklaryny guramak arkaly, gatnaşyklary we alyşmagy berkitmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.

Halkara häsiýetli meseleler ara alnyp maslahatlaşylanda, Türkmenistanyň Prezidenti we Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Merkezi Aziýa we Günorta-Gündogar Ýewropa sebitlerinde ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny pugtalandyrmaga we parahatçylygy hem-de durnuklylygy berkitmäge gyşarnyksyz ýardam bermäge Türkmenistanyň we Bolgariýa Respublikasynyň özara çalyşýandyklaryny we taýýardyklaryny bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, olar Türkmenistan bilen Bolgariýa Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň pugtalanmagynyň sebit we bütindünýä derejesinde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň we howpsuzlygyň bähbitlerine hyzmat edýändigini beýan etdiler we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegi ikitaraplaýyn görnüşde hem, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde hem ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentini Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 20 ýyllygynyň bellenilmegi mynasybetli gutlady. Dünýä bileleşiginiň hemişelik bitaraplygy goldaýandygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda we 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul eden rezolýusiýalarynda öz beýanyny tapdy.

Bolgariýa Respublikasy Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde Türkmenistana möhüm hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny hem-de onuň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge gönükdirilen tagallalaryny goldaýandygyny tassyklady. Türkmenistan hem, öz gezeginde, Günorta-Gündogar Ýewropada we Gara deňzi sebitinde Bolgariýa Respublikasyna möhüm hyzmatdaşlaryň biri hökmünde garaýandygyny tassyklady.

Taraplar Owganystanda parahatçylygy we dunuklylygy berkitmegiň, bu ýurduň ykdysadyýetini dikeltmegiň Merkezi Aziýada dunuklylygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigini beýan etdiler. Owganystanda dunuklylygy we ösüşi üpjün etmäge Türkmenistanyň we Bolgariýanyň oňyn goşandygynyň bardygyny belläp geçdiler. Täze wehimleriň şertlerinde sebitde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde, üpjünçilik ulgamyna degişli ileri tutulýan bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda Türkmenistan möhüm orny eýeleýär.

Sebitde howpsuzlygy, durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmekde Merkezi Aziýa üçin Ýewropa Bileleşiginiň Strategiýasynyň amala aşyrylmagynyň möhüm ornunyň bardygyny belläp, Taraplar oňa ýokary baha berdiler. Hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistan bilen Ýewropa Birleşiginiň arasyndaky Ylalaşygyň güýje girmeginiň olaryň gatnaşyklarynda giň mümkinçiligi açmaga goşant goşjakdygyna ynanýarlar.

Taraplar neşekeşligiň garşysyna göreşmek (CADAP) we serhet gözegçiligi (BOMCA) boýunça Ýewropa Birleşiginiň Strategiýasynyň maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyny goldaýarlar.

Halkara howpsuzlygynyň täze wehimlerine we howplaryna, şol sanda terrorçylyga, adam söwdasyna, transmilli jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň^ psihotrop maddalaryň we ýaraglaryň bikanun dolanyşygyna garşy üstünlikli göreşmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti we Bolgariýanyň Premýer-ministri ikitaraplaýyn we halkara derejesinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandyklaryny beýan etdiler.

Ýolbaşçylar geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň netijelerinden doly kanagatlanýandyklaryny beýan etdiler hem-de gazanylan ylalaşyklary üstünlikli amala aşyrmaga ýardam bermäge taýýardyklaryny bellediler.

Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkynyň mähirli kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Baştutanyny Bolgariýa Respublikasyna resmi sapar bilen barmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow                                                        

Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisow

Aşgabat şäheri, 2015-nji ýylyň 25-nji awgusty

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru