Türkmenistanda oba hojalygy boýunça oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär

0
495
4
2

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji awgustda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa  hasabat berlişi ýaly, şu ýylyň ýedi aýynda oba hojalyk toplumy boýunça önüm öndürmegiň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 100,9 göterime deň boldy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 109,8 göterime, Suw hojalyk ministrligi boýunça 106,8 göterime, Tebigaty goramak ministrligi boýunça 111,1 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 112,3 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 102,2 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 105,4 göterime, Döwlet maldarçylyk birleşigi boýunça 114,9 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 110 göterime deň boldy.

Häzirki günlerde agrotehniki kadalara laýyklykda, häzirki wagtda gowaça ideg etmek – hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak hem-de gowaçalaryň ujyny çyrpmak işleri utgaşykly dowam etdirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, pagta ýygymy möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görmek, ýygnaljak hasyly bökdençsiz kabul etmek we ýokary hilli gaýtadan işlemek maksady bilen, pagta arassalaýyjy kärhanalaryny, pagta kabul ediş harmanhanalary hem-de pagta ýygýan kombaýnlary möwsüme doly taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm işleri dowam edýär.

Şeýle hem mejlisde döwlet Baştutanynyň garamagyna “Türkmenistanda 2016-njy ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda” Lararyň taslamasy hödürlenildi. Bu resminama laýyklykda, geljek ýylda 760 müň gektar meýdana bugdaý ekip, 1 million 600 müň tonna bugdaý hasyl öndürmek göz öňünde tutulýar. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru