Soňky habarlar

Arhiw

Saglyk, syýahatçylyk we sport: ýylyň ýedi aýynyň görkezijileri

21:0216.08.2015
0
1408

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji awgustda geçirilen giňişleýin mejlisinde-de bellenilişi ýaly, ýurdumyzda “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäreler ýokary guramaçylyk derejesinde geçdi.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyp, wise-premýer häzirki döwürde bu ulgama degişli ýedi desganyň, şol sanda 6 lukmançylyk edarasynyň we bir ýaşaýyş jaýynyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny habar berdi. Döwlet meýletin ätiýaçlandyrmasynyň hasabyna gelip gowuşýan serişdeleriň möçberi 112 göterime deň boldy. Ýerine ýetirilen hyzmatlardan we ýerleşdirilen önümlerden alnan girdeji 123 göterime, dermanlyk serişdeleriniň önümçiligi bolsa 142 göterime deň boldy. Daşary ýurt pulunda alnan serişdeleriň görkezijisi 105 göterime barabar boldy.

Milli syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 57 müň 902 syýahatçylara hyzmat edildi. Şunda, bu görkezijiniň ösüş depgini 106,7 göterime deň boldy. Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işinde alnan girdeji 117,8 göterime barabar boldy.

Ýurdumyzyň türgenleriniň ussatlyk derejesini ýokarlandyrmak, olary halkara ýaryşlaryna taýýarlamak üçin okuw - türgenleşik işleri we dürli bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Hasabat döwründe Türkmenistanda 124 ýaryş we 70 sany sport-köpçülikleýin çäresi geçirildi. Şu ýylyň ýedi aýynda türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynyň 97-sine gatnaşyp, medallaryň 209-syna mynasyp boldular. Olar 77 altyn, 52 kümüş we 80 bürünç medallary eýelediler. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň