Türkmenistanyň Prezidenti serhetçileriň okuw türgenleşigine gatnaşdy

0
242
7
0

11-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow serhetçileriň harby-taktiki okuwyna gatnaşdy. Bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylary döwlet araçägini bozujylary ele salmakda iň täze tejribeler ornaşdyrylan okuw-türgenleşigini görkezdiler. Harby-taktiki okuwda Türkmenistanda ýakynda ulanylyp başlan uçarmansyz uçýan enjamyň kömeginden hem peýdalanyldy. 

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri şu okuw türgenleşiginiň barşynda öz öňlerinde goýlan söweşjeň wezipäni üstünlikli ýerine ýetirip, söweşjeň taýýarlygyň we ussatlygyň ýokary derejesini görkezdiler.

Türkmenistanyň serhet goşunlary ata Watanymyzyň serhetleriniň ygtybarly goralýandygyny, häzirki wagtda döwrebap tehnikalara, enjamlara hem-de ýaraglara ussatlyk bilen erk edip, özleriniň bilimini kämilleşdirýän serhetçilerimiziň gullugynyň netijeliligini görkezdiler.

Milli Liderimiz türgenleşige gatnaşan serkerdelere we harby gullukçylara ýüzlenip, ýokary söweş taýýarlygyny we hünär ussatlygyny görkezendigi üçin olara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Tälim okuw-türgenleşigine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa  tüýs ýürekden hoşallyk bildirip,  mundan beýläk hem gaýduwsyz türkmen esgerleriniň iň gowy däplerini abraý bilen dowam etdirjekdiklerine ynandyrdylar.

Harby gullukçylar mähriban halkymyza, ata Watanymyza we hormatly Prezidentimize kasam edýärler.

Tälim okuw türgenleşigi tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz gulluk itleriniň baş öwredilýän ýörite meýdançasyna barýar. Serhetçiler ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna gulluk itleriniň ýörite trenažorlarda dürli päsgelçiliklerden geçmek, şertli serhet bozujylary yzarlamak we  ele salmak, şeýle hem neşe serişdeleriniň çalt ýüze çykarmak  boýunça alan tälimlerini görkezýärler.  Hormatly Prezidentimiz gulluk itlerine baş öwredilişini synlap,  olaryň saklanyş şertleri  hem-de tälim berliş usullary bilen gyzyklandy.  

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru