Soňky habarlar

Arhiw

Kaka etrabynyň gallaçy kärendeçileri şu ýylyň däne hasylyny guwandyryjy görkezijiler bilen jemlediler

16:1208.08.2015
0
1129

Kaka etrabynyň gallaçy kärendeçileri şu ýylyň däne hasylyny guwandyryjy görkezijiler bilen jemlediler. Şonda Watan harmany gallaçy kärendeçilerden 54 müň 267 tonna guşgursak ak bugdaýy kabul etdi. Etrabyň gallaçy kärendeçileri täze ýylyň güýzlük bugdaý ekişine hem şu günlerden ykjam taýýarlanýarlar. Olar şu ýyl 27 müň 100 gektara güýzlük bugdaý ekmegi maksat edinýärler. Şu maksat bilen olar daýhan birleşikleriniň 12-sinde ekişi guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly ýörite iş meýilnamalaryny taýýarladylar. Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurtlardan satyn alyp beren kuwwatly «Keýs» we «Class» kysymly sürüm traktorlarynyň 20-sini ekerançylyk meýdanlaryna çykardylar.

Etrabyň çäginde kuwwatly tehnikalar dört topara bölünip işledilip, sürüm, tekizleýiş işlerini geçirmek, geriş çekmek, ýerleri gurplandyrmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň