Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

0
1107
18
0

29-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Russiýanyň Lideri Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen mähirli we tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanyna berk jan saglyk, abadançylyk hem-de ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan uly möçberli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Milletiň Lideri gutlaglar we arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, netijelilik, deňhukuklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen belledi.

Iki döwletiň Baştutanlary dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin strategiki häsiýete hem-de köp ýyllyk tejribä we uly kuwwata eýe bolan türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Bu babatda sebitleriň derejesindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem türkmen-rus aragatnaşyklarynyň esasyny düzýän gumanitar ulgamda özara gatnaşyklaryň netijeliligi bellenildi. Şunda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin iki ýurduň arasyndaky ysnyşykly, däbe öwrülen, ylym-bilim we medeni hyzmatdaşlygy  has-da giňeltmek barada pikirlerini beýan etdiler.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar özara gyzyklanma döredýän käbir sebit we halkara meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň abraýly halkara guramalarynyň, ozaly bilen BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygy tassyklanyldy. 

Milletiň Lideri pursatdan peýdalanyp, russiýaly kärdeşini Türkmenistana sapar bilen gelmäge, şeýle hem ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.

Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin däbe öwrülen döwletara gatnaşyklarynyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler hem-de Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Telefon söhbetdeşligi Russiýa tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru