Ýewgeniý Primakow aradan çykdy

0
828
0
0

26-njy iýunda Moskwada 86 ýaşynyň içinde Russiýanyň öňki premýer-ministri we DIM-niň baştutany Ýewgeniý Primakow aradan çykdy. Bu barada “interfaksa” syýasatça ýakyn çeşmeler habar berdi. Habarda aýdylyşy ýaly, ol “uzaga çeken keselden” soň dünýäsini täzeledi.

Primakowyň aradan çykandygy baradaky habary onuň agtygy Ýewgeniý Sandro hem tassyklady.

Ýewgeniý Maksimowiç Primakow döwlet adamsy, alym hem syýasatçydy, ol özünden soň örän baý miras goýdy — diýip, döwlet baştutanynyň metbugat sekretary Dmitriý Peskow aýtdy.

Primakow 1991—1996-njy ýyllar aralygynda Russiýanyň daşary razwedka gullugyna ýolbaşçylyk etdi. Soňra iki ýyllap daşary işler ministri, 1998—1999-njy ýyllarda bolsa hökümet baştutany boldy. 2001—2011-nji ýyllar aralygynda söwda-senagat edarasyna ýolbaşçylyk etdi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru