Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Mejlisi halkara şertnamalarynyň birnäçesini tassyklady

06:4004.06.2015
0
2802

«Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi resminamalaryň birnäçesini tassyklady.

«Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyna Ýerüsti çeşmelerden we gury ýerde alnyp barylýan işleriň netijesinde hapalanmakdan goramak boýunça Teswirnamany tassyklamak hakynda»;

Şeýle hem «Türkmenistanyň we Gazagystan  Respublikasynyň arasynda Hazar deňziniň düýbüni araçäklendirmek hakynda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda»;

«Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Jenaýat işleri boýunça özara hukuk kömegini bermek hakyndaky Ylalaşyga Azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenleri bermek hakynda Teswirnamany  tassyklamak hakynda» kararlary kabul etdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň