«Altyn asyr» öňdäki orna gaýdyp geldi, «Şagadam» bolsa baýraga dalaş edýän toparlardan utuk almagyny dowam etdirdi

0
768
2
0

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 13-nji tapgyrynyň ikinji oýun güni öňdebaryjylaryň gatnaşmagyndaky üç oýun bilen dowam etdirildi.

Ilkinji duşuşyk Türkmenbaşyda geçdi, geçen tapgyrdan soň, ýaryş tertibinde öňdäki orna geçen «Şagadam» wise-çempiony — «Ahaly» kabul etdi. Geçen tapgyrda ýurdumyzyň häzirki çempiony «Altyn asyryň» şu möwsümde ilkinji gezek ýeňilmegine sebäpkär bolan deňizýaka futbolçylar bu duşuşygy 1:1 hasabynda tamamlap «Ahaldan» hem utuk almagyň hötdesinden geldiler.

Oýunda esasy wakalar ilkinji minutlarda bolup geçdi. 2-nji minutda 11 metrlik urgudan Hemra Amänmämmedow tapawutlansa, aradan üç minut geçensoň Mämmedaly Garadanow hasaby deňledi.

Netijede baýrakly orunlara dalaş edýän bu toparlaryň hersi wajyp 2 utuk ýitirdi. Mundan bolsa «Altyn asyr» peýdalandy. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň topary Baýramalyda «Merwden» 0:3 hasabynda üstün çykdy. Pökgüleri 11-nji we 44-nji minutlarda Süleýman Muhadow, 18-nji minutda bolsa Didar Hajyýew geçirdiler.

Bu ýeňişden soň, «Altyn asyr» 27 utuk bilen öňdäki orna gaýdyp geldi. 25 utuk toplan «Şagadam» ikinji orunda barýar, ýöne bu topar bir oýun köp geçirdi.      

Günüň jemleýji duşuşygynda «Aşgabat» «Hazynadan» ýeňlip (0:1), dört oýunlyk ýeňlişsiz tapgyrynyň arasyny üzdi. Ýeke-täk pökgini 64-nji minutda Guwanç Abylow geçirdi. Duşuşygyň tamamlanmagyna 11 minut galanda paýtagtyň adybir toparynyň oýunçysy Baýjan Satlykow meýdandan çykaryldy.

Ikinji aýlawdaky ilkinji ýeňlişden  soň «Aşgabat» ýaryş tertibinde 5-nji orna gaçdy.

13-nji tapgyr 24-nji maýda «Balkan» — «Daşoguz» duşuşygy bilen tamamlanar.

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

«Aşgabat» – «Hazyna» – 0:1 (0:0)

23-nji maý. Aşgabat. «Aşgabat» stadiony. 200 tomaşaçy.

Pökgini geçiren: Guwanç Abylow 64.

Duýduryş alanlar: Annaberdi Çaryýew 58, Baýjan Satlykow 78 – Gurbanguly Aşyrow 73, Begenç Akmämmedow 78, Guwanç Rejepow 81, Ylýas Akyýew 90+3.

Oýundan çykarylan: Baýjan Satlykow 79 («Aşgabat»).

Emin: Jumamyrat Jumamyradow.

Gözegçi emin: Eldar Ramazanow.

 

“Merw” – «Altyn asyr» – 0:3 (0:3)

23-nji maý. Baýramaly. «Sport desgasy». 1 500 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Süleýman Muhadow 11, 44, Didar Hajyýew 18.

Duýduryş alanlar: Maksat Nuryýew 43 – Mämmet Orazmuhammedow 32.

Emin: Alibek Sapaýew.

Gözegçi emin: Jemil Mamedow.

 

“Şagadam” – “Ahal” – 1:1 (1:1)

23-nji map. Türkmenbaşy etraby. «Sport desgasy». 300 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Hemra Amanmämmedow 2 (11 metrlik urgudan) – Mämmedaly Garadanow 5 (jerime urgusyndan geçirdi)

Duýduryş alanlar: Geldimyrat Garahanow 86 – Mihail Titow 38, Begli Meredow 77

Emin: Çarymyrat Gurbanow.

Gözegçi emin: Öwez Gylyçmyradow.

24-nji maýa çenli toparlaryň ýerleşiş tertibi

Iň köp pökgi geçirenler:

Myrat Ýagşyýew («Balkan») – 14 pökgi (1 – 11 metrlik urgudan).

Süleýman Muhadow («Altyn asyr») – 13.

Hemra Amanmämmedow («Şagadam») – 11 (5).

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru