Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşyga ýokary baha berdi

0
562
0
0

13-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sloweniýa Respublikasyna resmi sapary başlandy.

 “Brdo” köşgünde  Türkmenistanyň Prezidentini garşylamak dabarasy boldy.

Soňra Prezident belent mertebeli türkmen myhmanyny “Altyn” zala geçmäge çagyrdy. Bu ýerde ýokary derejedäki ikiçäk gepleşikler geçirildi.

Belent mertebeli türkmen myhmanyny Sloweniýada kabul edýändigine örän şatdygyny belläp, dostlukly ýurduň baştutany Türkmenistanyň Prezidentini Sloweniýa Respublikasyna bolan saparyna döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň ýolunda möhüm ädim hökmünde baha berilýändigini belledi. Ikitaraplaýyn ganaşyklaryň sazlaşykly ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, Prezildent Borut Pahor ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dürli ulgamlar boýunça giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Türkmenistanyň sazlaşykly ösüşine ýokary baha berip, Sloweniýa Respublikasynyň baştutany öz ýurdunyň türkmen döwleti bilen ählumumy bähbide laýyk gelýän dostlukly we köpugurly gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine we giňeldilmegine ygrarlydygyny mälim etdi. Sloweniýa tarapynyň hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşylmagy meýilleşdirilýän bu gepleşiklere uly umyt bildirýändigini belläp, Prezident Borut Pahor söwda-ykdysady, medeni-gumanitar ulgamlaryny gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezdi.

Özüniň sloweniýaly kärdeşine Sloweniýa Respublikasyna resmi sapar bilen gelmäge iberen çakylygy üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Borut Pahora we onuň üsti bile Sloweniýanyň dostlukly halkyna bildirilen myhmansöýerlik üçin sagbolsun aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Sloweniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan gününden bäri, indi 20 ýyldan gowrak döwrüň içinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň derejesine kanagatlanma bildirdi. Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistana bolan saparynyň barşynda iki ýurduň we halklaryň bähbidine özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlän birnäçe resminamalara gol çekilmegi döwletara ganaşyklarynyň sazlaşykly ösüşine kuwwatly itergi berdi. Sloweniýa Respublikasyna bolan häzirki saparyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň netijeli boljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistan  bilen Sloweniýanyň Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýlekiler ýaly abraýly iri halkara guramalarynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini belläp, milli Liderimiz dürli halkara düzümlerine agzalyk meselelerine birek-birege yzygiderli goldaw edilýändigini mysal hökmünde getirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sloweniýanyň hökümetine minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň dostlukly ýurduň parahatçylykly we hemmetaraplaýyn ösüşe gönükdirilen başlangyçlaryny mundan beýläk-de goldamaga taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen birlikde döwlet Baştutanymyz biziň ýurdumyzyň Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň çäklerinde Sloweniýa Respublikasy bilen ýola goýulýan gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.

Dostlukly ýurt Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen uzakmöhletleýin esasda dostluk we özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna gönükdirilen hyzmatdaşlygyň berkidilmegine işjeň gatnaşyp biler diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly,  häzirki döwürde türkmen döwleti halkara derejesinde energiýa serişdeleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek, olaryň eksport ugurlaryny artdyrmak we bu gatnaşyklary köpugurly esasda ösdürmek syýasatyny işjeň alyp barýar.  Geçen ýyl şu işleriň netijesi hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasynyň durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ornuna bagyşlanan Rezolýusiýasyny  kabul edendigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu başlangyçlaryň diňe bir sebitleýin däl, eýsem ählumumy gyzyklanmalary nazarlaýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurtlaryň tagallalarynyň utgaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy.

BMG-niň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň Türkmenistan üçin hakykatdan-da şanly ýyldygyny belledi. Biz BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistana hemişelik bitaraplyk derejesini bermek hakyndaky Rezolýusiýany kabul eden gününiň 20 ýyllygyny baýram edýäris, şanly sene mynasybetli guraljak dabaralar mynasybetli şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda ýokary derejedäki Halkara maslahaty geçiriler. Onda ýurdumyzyň bitaraplygynyň tejribesi, şeýle hem onuň sebit  we tutuş dünýä boýunça ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşylar. Şunlukda, milli Liderimiz Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentini şanly waka mynasybetli guraljak çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistan bilen Sloweniýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz bu ugurda ykdysady görkezijileriň derejesini kanagatlanma bilen nygtady. Bar bolan  gatnaşyklary pugtalandyrmak we dürli ulgamdaky netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetika, ulag, aragatnaşyk, gurluşyk, agaç işläp bejermek senagaty, syýahatçylyk, derman we dokma senagaty, obasenagat toplumy, üzümi gaýtadan  işlemek, azyk senagaty, çörek önümçiligi ýaly pudaklary ileri tutulýan   ugurlar hökmünde grkezdi.

Häzirki döwürde aragatnaşyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenip başlandy diýip bellemek bilen, milli Liderimiz bu ulgamda gatnaşyklary giňeltmäge Türkmenistanyň uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Ýakynda Türkmenistanyň ilkini emeli hemrasy älem giňişligine çykaryldy. Şoňa laýyklykda ikitaraplaýyn gatnaşyklar üçin ýene-de täze mümkinçilikler emele geler diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Sloweniýanyň birnäçe derman kärhanalarynyň önümleri Türkmenistanda giňden bellidir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nygtap, maslahatlary, tanyşdyryş saparlaryny, hünärmenleri alyşmak çärelerini guramak ýoly bilen lukmançylyk ulgamynda tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikleriň emele geljekdigine ynam bildirdi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bardyr, häzirki döwürde onuň netijelerini görýäris diýip, milli Liderimiz aýtdy.

 Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginde medeni-gumanitar hyzmatdaşlygynyň möhüm ähmiýeti bardyr diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz medeniýet we bilim pudaklaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň Türkmenistan üçin has-da wajypdygyny nygtady. Iki ýurduň bilim we ylymlar akademiýalary düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we ony artdyrmagyň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Sloweniýa Respublikasynyň Ylym we döredijilik akademiýasynyň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Sloweniýa tarapynyň wekillerini biziň ýurdumyzda geçirilýän halkara ylmy maslahatlaryna gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz türkmen alymlarynyň Sloweniýada geçirilýän ylmy çärelerine gatnaşmagynyň peýdaly boljakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda Prezident Borut Pahora mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, sloweniýaly kärdeşine berk jan saglyk, Sloweniýanyň halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Dostlukly, birek-birege ynanyşmak we işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda iki döwetiň Baştutanlary ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar we türkmen-sloweniýa hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Hyzmatdaşlygyň häzirki tapgyrynyň möhüm ugurlaryny kesgitlemek bilen, söhbetdeşler deňhukukly we özara peýdaly esasda ýola goýulýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de artdyrylmagyna taraplaryň taýýardygyny tsasykladylar.

Şeýle hem özara  gyzyklanma bildirilýän sebitara we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşymalar boldy.

Gepleşikler tamamlanan soň, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Borut Pahor “Brdo” köşgüniň “Gyrmyzy” kabul edişlik zalyna bardylar. Bu ýerde döwlet Baştutanlary birek-birege sowgatlar gowşurdylar. Milli Liderimiz sloweniýaly kärdeşine ussat halyçylaryň dokan nepis halysyny sowgat hökmünde gowşurdy. Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti sowgatlary hoşallyk bilen kabul edip, 50 ýyl mundan ozal sowgat berlen türkmen halysynyň häzir hem daşky durkuny ýitirmän, ajaýyp görnüşdedigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz nepis dokalan türkmen halylarynyň ýyl geçdigiçe könelmän, gaýtam olaryň nurlanýandygyny, ajaýyp görnüşe gelýändigini belledi. Sloweniýanyň Prezidenti öz gezeginde döwlet Baştutanymyza hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň slowen diline terjime edilen nusgasyny, şeýle hem kitabyň ýany bilen Sloweniýanyň milli aşhanasynda giňden  ulanylýan ösümlikleriň dürli görnüşleri ýerleşdirilen gutyny gowşurdy.

Prezident Borut Pahor häzirki döwürde türkmen-slowan gatnaşyklarynyň nepis türkmen halylary ýaly täze öwüşgine eýe bolup, işjeň ýagdaýda ösdürrilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Şol ýerde döwlet Baştutanymyz köşgüň belent mertebeli myhmanlar üçin niýetlenen kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra “Brdo” köşgüniň “Kümüş” zalynda ýokary derejedäki türkmen-slowen gepleşikleri giňişleýin düzümde dowam etdi. Oňa iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary gatnaşdylar.

Prezident Borut Pahor belent mertebeli türkmen myhmanyny we Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalaryny slowen topragynda görýändigine şatdygyny ýene br ýola belläp, türkmen Liderine Sloweniýa Respublikasyna resmi sapary bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi.  Sloweniýanyň Lideriniň belleýşi ýaly, bu duşuşyk köpugurly hyzmatdaşlyk we dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen geçirilen gepleşikler hökmünde kabul ediýlär. 

Berk dostluk gatnaşyklaryna we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýan türkmen-slowen gatnaşyklary häzirki döwürde täze derejä çykdy diýip bellemek bilen Prezident Borut Pahor döwletara gatnaşyklarynyň ilkinji nobatda syýasy ulgamda uly üstünliklere beslenýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşyga ýokary baha berip, dostlukly ýurduň Baştutany ygtybarly hyzmatdaş hasaplanýan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine bolan gyzyklanmalaryny mälim etdi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly we netijeli häsiýete eýedigini nygtap, Prezident Borut Pahor  bu gezekki gepleşikleriň gün tertibine döwletara hyzmatdaşylygyny ähli ugurlar boýunça işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň girizilendigini aýtdy. Şunlukda, taraplaryň ýokary derejede gazanan ylalaşyklary däp bolan syýasy gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar ugurlardaky netijeli hyzmatdaşlygy artdyrmak üçin ygtybardy binýat bolup durýandygy bellenildi.

Halkara syýasatynyň has möhüm meseleleri boýunça iki döwletiň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygy kanagatlanma bilen nygtap, Sloweniýanyň lideri Türkmenistanyň we Sloweniýa Respublikasynyň sebitleýin we halkara möçberlerinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň berkidilmegine ýardam bermäge ikitaraplaýyn meýilleriniň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Borut Pahor türkmen döwletiniň Merkezi Aziýa sebitinde  möhüm ähmiýeti bolan bitaraplyk derejesiniň wajypdygyny belledi. Dostlukly ýurduň Lideriniň aýdyşy ýaly, bu halkara derejesi Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary, şol sanda Sloweniýa Respublikasy biilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde aýratyn ähmiýetiniň bardygyny aýtdy. Şunlukda Prezident Borut Pahor Sloweniýanyň öz gezeginde dünýäniň ähli ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Şu maksat bilen ýurtlaryň ikisi-de abraýly halkara guramalarynyň, öňi bilen bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge meýillidir. Şunuň bilen baglylykda, Sloweniýanyň Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryny we onuň ýüze çykýan meseleleri umumy ykrar edilen kadalaryň we halkara-hukuk ýörelgeleriniň esasynda parahatçylykly, diplomatik ýollar arkaly çözülmegi bilen baglanyşykly üýtgewsiz ýörelgelerini doly goldaýandygy bellenildi.

Türkmen-sloweniýa gatnaşyklarynda ileri tutulýan ugur bolan

söwda-ykdysady pudakdaky hyzmatdaşlygyň meslelerine degip geçmek bilen, Prezident Borut Pahor Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyna möhüm ornuň degişlidigini nygtady. Onuň işi bar bolan mümkinçilikleriň we dürli pudaklar boýunça özara peýdaly gatnaşyklary çuňlaşdyrmak hem-de yzygiderli ösdürmek üçin iki döwletiň kuwwatlyklarynyň peýdalanylmagyna gönükdirilendir.

Sloweniýanyň baştutany gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlygy özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugry hökmünde görkezdi. Şunuň bilen baglylykda bilim, ylym we medeniýet ugurlarynda türkmen-sloweniýa gatnaşyklaryny giňelitmegiň, döredijiligiň alyşmalaryny işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.

Şu günki geçirilen gepleşikleriň we olaryň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň Türkmenistan  bilen Sloweniýa Respublikasynyň arasynda däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň we özara peýdaly hyzmtadaşlygyň hemmetaraplaýyn berkidilmegie ýardam berjekdigine ynam bildirip,  Prezilent Borut Pahor tutuş türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Soňra çykyş etmek üçin hormatly Prezidentimize söz berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi üçin özüniň sloweniýaly kärdeşine we dostlukly ýurduň hökümet wekiliýetiniň agzalaryna  Sloweniýa gelip görmäge çakylyk, döredilen mümkinçilik, myhmansöýerlik we netijeli işlemek ugrunda döredilen amatly şertler üçin Prezident Borut Pahora Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň adyndan minnetdarlygyny bildirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda bu gezekki sapara aýratyn ähmiýet berlýär.

Kabulhananyň zallarynyň birini ajaýyp türkmen halysynyň bezeýändigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz munuň özi häzirki döwürde täze mazmun bilen üsti ýetirilýän türkmen we slowen halklarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň gadymyýete uzap gidýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny belledi.

Ýokary derejede geçirilen nobatdaky duşuşygyň gün tertibine söwda-ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi bilen baglanyşykly meseleleriň girizilendigine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Sloweniýa Respublikasy bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyga Ýewropa Bileleşigi bilen alnyp barylýan netijeli gatnaşyklar hökmünde garaýandygyny aýtdy.

20 ýyl mundan ozal, 1995-nji ýylda Milletler Bileleşigi biziň ýurdumyza hemişelik bitaraplyk halkara hukuk derejesini berdi diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu şanly waka mynasybetli türkmen paýtagtynda ýubileý dabaralarynyň geçiriljekdigini belledi. Şunuň baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly döwletiň ýolabşçylaryna we  Sloweniýanyň halkyna BMG-niň Baş Assambleýasynyň bü çözgüdini goldandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz Prezident Borut Pahory bu şanly waka bagyşlanan Halkara maslahatyna we şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklara kuwwatly itergi berildi.Oňa Prezident Borut Pahoryň geçen ýyl Türkmenistana guran resmi sapary kuwwatly itergi berdi diýip döwlet Baştutanymyz aýtdy Iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň hukuk binýady  emele gelýär. Dürli  derejedäki geňeşmeleriň we gatnaşyklaryň guraly hereket edip başlady. Bu bolsa birek-biregi has doly tanamaga, bar bolan usullary netijeli peýdalanmagyň ýollaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyz Sloweniýa bilen özara gatnaşyklaryň işjeň we netijeli häsiýetde geçýändigini, häzirki döwürde biziň ýurtlarymyzyň gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça umumy ylalaşyga gelýändigini nygtady. Sloweniýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga bolan taýýarlygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň bu ýörelgelere ýokary baha berýändigini we onuň birek-birege düşünişmäge bolan gyzyklanmalara esaslanýandygyny kanagatlanma bilen nygtady we munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dostlukly häsiýete eýe bolmagynyň, onuň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdürilmeginiň we berkidilmeginiň kepilidigini aýtdy.

Biziň ýurtlarymyzyň syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitleýän resminamalaryň taýýarlanmagy bu gezekki saparyň anyk netijeleridir diýip bellemek bilen, milli Liderimiz şu günki gepleşikleriň we gazanylan ylalaşyklaryň netijeleriniň türkmen-slowen gatnaşyklarynyň görkezilen ugurlardaky hil taýdan täze ugruny kesgitlejekdigine ynam bildirdi.

Syýasy ugur boýunça döwletara gatnaşyklaryna mahsus bolan özara düşünişmek we birek-birege goldaw bermek meseleleri gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şertidir. Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk onuň esasy guralynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Sloweniýa Respublikasynyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşi, ÝUNESKO-nyň Ýerine Ýetiriji geňeşi ýaly möhüm düzümlere saýlawlaryň barşynda Türkmenistana goldaw berendigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sloweniýanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” atly Rezolýusiýa awtordaş bolup çykyş edendigini nygtady. Türkmenistanyň Sloweniýa tarapynyň bu ýörelgesine ýokary baha berýändigini belläp, milli Liderimiz dostlukly ýurduň hökümetine Türkmenistanyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryna düşünýändigi we goldaw berýändigi üçin öz minnetdarlygyny aýtdy.

Öz gezeginde biziň ýurdumyz BMG-niň birnäçe komitetlerine bolan saýlawlaryň barşynda Sloweniýa köp gezek goldaw berdi. BMG-niň

2016-2018-nji ýyllar üçin adam hukuklary baradaky Geňeşine boljak saýlawlarda Türkmenistanyň Sloweniýa Respublikasyna ses bermek barada çözgügi kabul edendigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz bu ýurt bilen halkara guramalarynda mundan beýläk-de özara gatnaşyk etmäge taýýardygyny tassyklady.

Türkmenistan Sloweniýanyň biziň ýurdumyzyň bitaraplyk derejesine we daşary syýasat ugruna hormat goýýandygyna ýokary baha berýär diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň öz üstüne alan halkara borçnamalaryna yzygiderli eýerýändigini, halkara parahatçylygygyny goldamak, howpsuzlygy pugtalandyrmak we durnukly ösüşi üpjün etmek işine yzygiderli gatnaşýandygyny aýtdy.

Öz tarapyndan türkmen döwleti Sloweniýanyň diňe bir Ýewropada däl, eýsem onuň daşynda hem belent abraýa eýe bolmagyny şertlendiren deňeçer we işjeň daşary syýasatyna hormat goýýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Prezident Borut Pahor bilen bolan gepleşikleriň barşynda halkara meseleleriniň birnäçe ugurlary boýunça geçirilen pikir alyşmalara  kanagatlanma bildirip, milli Liderimiz iki ýurduň dünýä we sebitleýin ýagdaýlaryň ösüşinde garaýyşlarynyň birdigini nygtady. Döwletleriň

ikisi-de, ählumumy durnuklylygyň we howpsuzlygyň  saklanmagyna we berkidilmegine ygrarlydyr diýip belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde dünýäniň birnäçe sebitlerinde bar bolan çylşyrymly ýagdaýlary nazara alanyňda munuň özi has-da möhümdigini aýtdy. Bu meseleler boýunça pikir alyşmalaryň barşynda bar bolan ähli halkara jedelleriniň parahatçylykly, syýasy taýdan çözülmegine, halkara hukuk kadalaryna we BMG-niň Düzgünnamasyna eýerilmegine ygrarlydygy tassyk edildi.

Gepleşikleriň barşynda häzirki zamanyň wehimlerine netijeli garşy durmak bilen baglanyşyly meselelere aýratyn orun degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Biziň ýurtlarymyz diňe döwletleriň bilelikdäki tagallalary, halkara düzümleri bilen ýola goýulýan ýygjam gatnaşyklar bilen bu wehimlere garşy durmagyň mümkindigi babatda bir pikirdedir. Türkmenistan  we Sloweniýa şeýle çärelere işjeň gatnaşmaga taýýardyr diýip, milli Lliderimiz nygtady.

Umuman geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikler biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň üstüklikli ösdürilýändigini äşgär etdi diýip, döwlet Baştutanymyz taraplaryň ähli meseleler boýunça birek-birege düşünşilýändigini, häzirki döwürde iki döwletiň gatnaşyklarynyň dostluk, deňhukukly, birek-birege hormat goýmak esaslaryna daýanýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Syýasy gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmegi söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy artdyrmak üçin oňyn binýat bolup durýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa yzygiderli itergi bermegiň, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlmegiň, Hökümetleriň arasynda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygyny nygtady. Biziň ýurtlarymyz özara söwdanyň, maýa goýumyň möçberlerini artdyrmagyň, dürli pudaklardaky bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň, bilelikdäki işiň geljegi uly ugurlaryny tapmagyň ägirt uly  mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, hormatly Prezidentimiz bu işe taraplaryň hususy telekeçilerini çekmegiň, olara döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň möhümdigini aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça geçen ýyl döredilen hökümetara toparynyň işine uly umyt bildirilýär. Onuň ilkinji mejlisi Sloweniýada geçirildi. Bu düzümiň öňünde durýan wezipeleri barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz toparynyň işiniň sebitara hyzmatdaşlygynyň artdyrylmagynda möhüm ähmiýeti bolan söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki döwürde ösdürilmegine täze ugurlary tapjakdygyna ynam bildirdi.

Hususan-da, ulag ulgamynda Günorta we Gündogar Ýewropa, Ortaýer deňzi ulgamyna, Ýakyn Gündogaryň we Günorta Aziýanyň bazarlaryna çykmak bilen Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň Ýewraziýa ulag-üstaşyr şahasyna işjeň çekilmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleriň açylýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýyl Prezident Borut Pahoryň sapar mahalynda Hazaryň kenarynda bolup, Türkmenbaşy şäheriniň täze deňiz menziliniň toplumynyň gurluşygy bilen tanşandygyny nygtady.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz deňiz gatnawlary ulgamynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ikitaraplaýyn kuwwatlyklary peýdalanmagyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimz Türkmenistanyň Sloweniýany Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň barşynda geljegi uly hyzmatdaş hökmünde görýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasynda ýola goýulýan energiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezdi we bu babatda ýurdumyzyň Sloweniýanyň işjeň ornuna möhüm ähmiýet berýändigini nygtady. Biziň energiýa geçirijileriniň durnuklylygy baradaky halkara başlangyçlarymyza goldaw berilmegi bu möhüm meselede iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakyndygynyň subutnamasydyr. Energiýa howpsuzlygy diýlende, biz öňi bilen energiýa howpsuzlygyyň köpugurly esasda berkidilmegini ugur edinýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň energiýa göterijilerini günbatar ugur boýunça mümkinçiliklere garamaga gyzyklanma bildirilýändigini belläp, bu möhüm taslamany durmuşa geçirmek maksady bilen, dostlukly ýurt bilen ýygjam gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna taýýardygyny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyna degip geçmek bilen, haryt dolanyşygynyň artýandygyny, onuň yzygiderli ösdürilmegine oňyn meýilleriň bardygyny belläp, entek olaryň ýurtlarymyzyň bar bolan kuwwatlyklaryna laýyk gelmeýändigini nygtady. Türkmenistanyň häzirki döwürde Sloweniýadan derman senagatyna degişli önümleri, telearagatnaşyk enjamlaryny, elektrotehnikalaryny satyn alýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurlar boýunça özara gatnaşyklary netijeli dowam etmäge taýýardygyny belledi. Täze ugurlara çykmagyň, haryt dolanyşygyny ösdürmegiň täze ýollaryny tapmagyň zerurdygyny belläp, milli Liderimiz Türkmenistanyň Sloweniýanyň biziň ýurdumyzda syýahatçylygy we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek boýunça maýa goýum taslamalaryna işjeň gatnaşmaga bolan meýillerini goldaýandygyny aýtdy. Haryt sergilerini, iki ýurduň işewür-bileleşikleriniň arasynda tejribe alşylmagyny guramagyň mümkinçilikleri hakynda aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz taraplaryň birek-birege oňyn teklipleriniň bardygyna ynam bildirdi.

Gumanitar ugurdaky döwletara hyzmatdaşlygyň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň wajypdygyny nygtady. Bu ugurda Sloweniýanyň eýeleýän ornuna ýokary baha berip, milli Liderimiz Ýewropa Bileleşiginiň TEMPUS maksatnamasynyň we Lýublýanyý uniwersitetiniň Ýewropa tarapyndan utgaşdyryjy bolup durýan  “Kämilligi, ussatlygy artdyrmak üçin Ýewraziýa hyzmatdaşlygy” taslamasynyň durmuşa geçirilmegini mysal hökmünde görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz türkmen talyplarynyň we hünärmenleriniň Sloweniýanyň ylym-bilim merkezlerinde bilim almagynyň mümkinçiliklerini öwrenmegi teklip etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özara medeniýet festiwalaryny guramagyň üsti bilen medeniýet ulgamyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz bu gezekki resmi saparyň Türkmenistan bilen Sloweniýa Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny we geljegini açmaga gönükdirilen ýokary derejedäki çäre bolandygyny nygtady. Munuň üçin bolsa biziň ýurtlarymyzda syýasy erk, ykdysady mümkinçilikler, ynanyşmak we birek-birege düşünişmek ýaly zerur şertler bar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ähli ulgamlardaky dostluk we ýygjam, özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklary biziň halklarymyzyň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär diýip bellemek bilen döwlet Baştutanymyz Sloweniýa Respublikasy bilen has giň we köpugurly hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň ahyrynda Lýublýanda özleriniň gyzgyn mähir bilen garşylanmagynyň Sloweniýadaky adamlaryň Türkmenistana we türkmen halkyna bolan hormaty diýip düşünýäri diýp belledi. Prezident Borut Pahora iki ýurduň we halkyň arasyndaky dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine ägirt uly goşant goşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Sloweniýa Respublikasynyň halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Soňra  ikitaraplaýyn resminmalara gol çekmek dabarasy boldy. 

Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Borut Pahor Bilelikdäki Beýannama gol çekýärler.

Soňra Ulaglar babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Sloweniýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Halkara awtomobil gatnawy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Sloweniýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Sloweniýa Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; 2015-2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Sloweniýa Respubikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Maksatnama; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Sloweniýanyň Ylymlar we sungat akademiýasynyň arasynda ylmy hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekilýär.

Dabara tamamlanan soň, Türkmenistanyň we Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentleri “Uly hrustal” zalda metbugata ýüzlenme bilen çykyş etdider.

Geçirilen gepleşikleriň  jemlerine  kanagatlanma bildirip,

Prezilent Borut Pahor Lýublýanda ýokary derejede geçirilen gepleşikler iki ýurduň arasyndaky döwetara we dostluk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigini belledi.

Gepleşikleriň netijeli we işjeň häsiýete eýe bolandygyny belläp, Sloweniýanyň Lideri  öz ýurdunyň Türkmenistany ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hasaplaýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Borut Pahor şu ýyl özüniň bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygyny giňden dabaralandyrýan türkmen döwletiniň Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orun eýeleýändigini we özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen netijeli daşary syýasyty alyp barýandygyny nygtady.

Sloweniýanyň Lideri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi we olaryň  doly güýjünde herekete girizilmeginiň zerurdygyny nygtady we onuň  iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri görjekdigine ynam bildirdi. Ýokary derejede geçirilen duşuşygyň barşynda dürli ugurlar boýunça türkmen-slowen gatnaşyklarynyň geljekki meýilnamalary we bu babatdaky täze teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy we şeýle hem ony hil taýdan täze derejä çykarmagyň ýollary kesgitlenildi.

Türkmenistan ykdysady ösüşiň okgunly depgini görkezýär, onuň özüniň emeli hemrasyny älem giňişligine çykarmagy we kosmos ýurtlarynyň hataryna goşulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr diýip, Prezident Borut Pahor sözüni dowam etdi.

Sloweniýa hem Türkmenistan  ýaly dünýäniň ähli döwletleri ýaly dostlukly gatnaşyklary ýola goýýar diýip bellemek bilen, slowen lideri öz ýurdunyň Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tasyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu saparynyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belläp, Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti söwda-ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi babatda aýtdy.

Sloweniýanyň Lideriniň belleýşi ýaly, şu gün geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça birnäçe möhüm ylalaşyklara we Türkmenistanyň hem-de  Sloweniýa Respublikasynyň özara peýdaly ykdysady gatnaşyklary, bilim, medeniýet, şeýle  hem daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan gyzykanmalaryny äşgär edýän Bilelikdäki Beýannama gol çekildi. Mundan başga-da, taraplar söwda gatnaşyklarynyň, senagaty ulgamyndaky we maýa goýumlar hyzmatdaşlygyyň, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň dürli ugurlaryny ösdürmek üçin amatly şertleriň döredilmeginiň zerurdygyny ylalaşdylar.

Şeýle hem dostlukly ýurduň Baştutany halkara meseleleriň birnäçe ugurlary boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň meňzeşdigini belledi we Sloweniýanyň Türkmenistanyň Ýewropa bazarlaryna energiýa göterijileri ugratmak, energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleler babatdaky garaýyşlaryny hem-de başlangyçlaryny goldaýandygny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Sloweniýa tarapynyň bu ugurdaky tagallalaryň mundan beýläk-de utgaşdyrylmagyna bolan meýilleri mälim edildi.

Aýdylanlary jemläp, Prezident Borut Pahor bu gepleşikleriň taraplaryň slowen-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidilmegine, olaryň hil taýdan derejä çykarylymagyna bolan ikitaraplaýyn meýilleri nobatdaky gezek tassyk edendigini nygtady. Sloweniýa Respublikasynyň Başutany çykyşynyň ahyrygda döwletara gatnaşyklarynyň mundan

beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, tutuş türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Sloweniýa Respublikasynyň ýolbaşçy düzümine, ilkinji nobatda bolsa Prezident Borut Pahora mähirli kabul edilendikleri, gepleşikleriň birek-birege ynanyşmak, açyklyk we düşünişmek ýagdaýynda geçirilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, geçirilen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ony ösdürmegiň anyk ugurlary bellenildi, şeýle hem, türkmen-sloweniýa hyzmatdaşlygynyň birnäçe ugurlary boýunça möhüm ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Gepleşikleriň barşynda sebitara we halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirýän möhüm ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy diýip bellemek bilen, milli Liderimiz halkara durmuşynyň köp ugurlary boýunça garaýyşlaryň laýyk gelýändigi ýa-da ýakyndygy äşgär edildi. Munuň özi dünýä giňişliginde Türkmenistanyň  Sloweweniýa Respublikasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin möhüm şert bolup durýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, sebitara we halkara syýasatynyň wajyp meseleler boýunça gatnaşyklary ýola goýmaga ygrarlydygyny tassyklady.

==================

Ählumumy we sebit derejesinde parahatçylygy we durnuklylygy, ynamy hem-de özara düşünişmek ýagdaýyny emele getirmäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändiginiň tassyklanandygyny kanagatlanmak bilen belläp, türkmen Lideri iki döwletiň hem strategiki durnuklylygy we howpsuzlygy saklamagyň hem-de pugtalandyrmagyň tarapdary bolup çykyş edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz gürrüňi dowam etmek bilen, Prezident Borut Pahor bilen bolup geçen pikir alyşmalaryň barşynda taraplar ähli halkara jedelli meseleleriň we kynçylyklaryň parahatçylyk, syýasy gurallar arkaly,  halkara hukugynyň kadalarynyň we BMG-niň  Düzgünnamasynyň yzygiderli ýerine ýetirilmegi esasynda çözülmelidigini taraplar tassykladylar diýip nygtady.

Şeýle hem türkmen Lideri Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeň dowam etdirmäge taýýarlygynyň tassyklanandygyny belledi.

Söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda hyzmatdaşlygyň   uly mümkinçilikleriň bardygy biragyzdan tassyklanyldy diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, iki tarapyň hem mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanmagyň möhümdigi beýan edildi. Bu ugurda iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň işleri bilelikdäki tagallalaryň möhüm bölegi bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmenistan Sloweniýany Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklar   babatynda  möhüm hyzmatdaş hasap edýär, ikitaraplaýyn gatnaşyklar soňky döwürde ýokary depgine eýe boldy diýip, milli Liderimiz aýtmak bilen, şunda türkmen tarapynyň energetika ulgamynda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Gepleşikleriň barşynda dünýä ykdysadyýetiniň energiýa serişdelerine bolan islegini hasaba almak bilen, energetika howpsuzlygy meseleleri boýunça giň köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk esasynda çemeleşmeleriň meňzeşligi tassyklanyldy.

Energetika howpsuzlygy diýip biz energiýa serişdeleriniň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge düşünýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bellemek bilen, şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň öz energýia serişdelerini günbatar ugry boýunça ibermegiň mümkinçiliklerine garamaga gyzyklanma bildirýändigini hem-de bu taslamany amala aşyrmak maksady bilen, Sloweniýa bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, gepleşikleriň barşynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiligine uly üns berildi. Biziň ýurtlarymyz üçin bu ugurda Gündogar-Günbatar  ugry boýunça Ýewraziýa ulag-üstaşyr geçelgelerine işjeň goşulyşmak üçin uly mümkinçilikler açylýar diýip bellemek bilen, milli Liderimiz  deňizde ýükleri gatnatmak ulgamynda özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin taraplaryň mümkinçiliklerini içgin öwrenmek barada ylalaşyk gazanylandygyny habar berdi. Şunda Türkmenistan Sloweniýa möhüm hyzmatdaşlaryň biri, şol sanda  Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklar babatynda wajyp hyzmatdaş döwlet hökmünde garaýar.

Türkmen Lideri žurnalistlere ýüzlenmek bilen,  iki  ýurduň halklaryny Türkmenistanyň hem-de Sloweniýanyň  gazananlary bilen tanyşdyrmak boýunça bilelikdäki  çäreleri guramaga ýardam etmek barada ylalaşylandygyny habar berdi.  Şeýle hem  ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlarynyň içgin ara alnyp maslahatlaşylandygy  bellenildi.

Türkmenistan we Sloweniýa Respublikasy özara gatnaşyklaryny hormat goýmak we ynam, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýola goýýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şu günki gepleşikler iki ýurduň bu esasy binýatlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz saparyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny belläp, hormatly Prezident Borut Pahora açyklyk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikler üçin minnetdarlyk bildirip, Sloweniýanyň dostlukly halkyna parahatçylyk, abadançylyk we döredijilikli zähmetde uly üstünlikler arzuw etdi.

Soňra iki dostlukly ýurduň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş wekilleriniň soraglaryna jogap berdiler.

Habarçy... döwlet Baştutanymyza sowal berýär:

-- Hormatly  jenap Prezident!  Siz ýaňy çykyşyňyzda “Energiýa serişdelerini diwersifikasiýa etmek Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar”  diýip aýtdyňyz. Siziň Alyhezretiňiz, Siz bu barada has giňişleýin aýdaýsaňyz? 

--Size mälim bolşy ýaly, Türkmenistan eksport edýän gaz akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna howpsuz we ygtybarly üstaşyr geçirilmegi üçin zerur şertleri döretmek syýasatyny alyp barýar. Bu bolsa, Siziň bilşiňiz ýaly, ählumumy energetika howpsyzlygy meselelerini çözmäge gönüden-göni ýardam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň tebigy gazy  Russiýa iberilýär, Eýrana iki ugur boýunça akdyrylýar, şeýle hem her ýylda Hytaýa 30 milliard kub metr  tebigy gaz iberilýär. Şunda HHR-e goşmaça 10 milliard kub metr, soňra bolsa ýene 25 milliard kub metr gaz ibermek barada ylalaşyk gazanyldy. Türkmenistan –Owganystan-Paksitan-Hindistan gaz geçirijis taslamasyny iş ýüzünde amala aşyrmagyň tamamlaýjy tapgyrynda işleri geçirilýär.

Häzirki wagtda tebigy gazy Ýewropa ugry boýunça ibermek üçin gepleşikler hem işjeňleşdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.  Ýakynda Aşgabatda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň ýangyç-energetika pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Maroş Şefçowiçiň ýolbaşçylygynda Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň gatnaşmagynda dörttaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda türkmen tebigy gazyny Ýewropa ugratmagyň ilkinji nobatdaky wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi  transmilli gaz geçirijileriniň bilelikdäki köp ugurly düzüminiň döredilmegini talap edýär diýip, milli Liderimiz belledi.

 

Elbetde, bu düzümi döretmek halkara kadalaryna we ülňülerine laýyklykda alnyp barlar. Şol sanda daşky gurşawy goramak meseleleri babatynda hem talaplar ýerine ýetiriler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Duşuşygyň jemleri boýunça  bilelikdäki iş toparyny döretmek barada ylalaşyk gazanylandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň diňe bir gaz akymlaryny däl-de, eýsem, tutuşlygyna ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi, halk hojalyk toplumymyzyň çig mala garaşsyzlygyny aradan aýyrmagy maksat edinýändigine   ünsi  çekdi.

Biz çig maly eksport etmekden önümleri gaýtadan işlemek bilen taýýar harytlary eksport etmek ýoluna ýuwaş-ýuwaşdan geçmegiň taraplady bolup çykyş edýäris diýip, türkmen Lideri belledi. Mundan başga hem Türkmenistany ösdürmek strategiýasy halk hojalyk pudagyny senagatlaşdyrmaga, taýýar önümleriň önümçilik möçberlerini we daşarky bazarlara iberilmegini artdyrmaga, şunuň bilen birlikde, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak bilen, olary geljekki nesiller üçin saklamaga gönükdirilendir. Munuň üçin biz senagaty ösdürýäris, täze senagat toplumalaryny döredýäris, hereket edýän zawodlary we fabrikleri döwrebaplaşdyrýarys, biziň ykdysadyýetimiz üçin düýpgöter täze önümçilikleri ýola goýup, iş orunlarynyň sanyny artdyrýarys we köpsanly beýleki çäreleri geçirýäris diýip,hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Ýakyn geljekde nebitgaz toplumynyň biziň ykdysadyýetimiziň ösüşine häzirki wagtdakysy ýaly güýçli täsir etmejekdigini ýene bir gezek gaýtalap aýdýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz gürrüňi dowam etmek bilen, biziň ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, bazar ykdysadyýetiniň ösdürilýändigini, oňa hususy bölegiň barha işjeň gatnaşýandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Soňky wagtlarda biziň telekeçilerimiz uly üstünlikleri gazandylar, şol sanda olar eksport önümlerini artdyrmak babatynda hem täze sepgitlere ýetdiler, onuň möçberi soňky döwürde 17 göterim artdy. Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda hususylaşdyrmak işi alnyp barylýar, bank ulgamyny we gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek işleri amala aşyrylýar. Munuň özi biziň ykdysadyýetimize bazar gatnaşyklaryna maksadaokgunly we tapgyrlaýyn geçmäge mümkinçilik berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ýangyç serişdelerini eksport etmegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we tutuşlygyna halk hojalyk toplumyny çig mal garaşlylygyndan taýýar önümleri öndürmäge geçirmek hem-de eksporta iberilýän harytlaryň möçberini artdyrmak biziň alyp barýan düýpli özgertmelerimiziň esasy ugurlarynyň biridir. Bu wezipeleriň ýakyn geljekde oňyn çözülmegi Türkmenistanyň bütin ykdysady ulgamyny ösdürmäge kuwwatly itergi berer diýip, Türkmenistanyň Baştutany belledi. 

Gepleşikler tamamlanandan soň, türkmen Lideriniň ulag kerweni Sloweniýa Respublikasyna “Podrožnik”  hökümet binasyna tarap ugrady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň hormatyna Sloweniýanyň Hökümetiniň Başlygy Miro Serar günortanlyk nahar berdi, onuň barşynda şu günki ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri we esasy ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek mümkinçiliklerini hasaba almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm  meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alyşmalar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Miro Serar hoşlaşanlarynda, türkmen we sloweniýa halklaryna abadançylyk, bagt we üstünlikler arzuw etdiler.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow .

***  

Şol gün agşam Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatyna Sloweniýa Respublikasynyň Pezidenti Borut Pahoryň adyndan “Brdo” köşgünde resmi agşamlyk nahar berildi.

Soňra “Brdo” köşgüniň “Uly hrustal” otagynda resmi agşamlyk nahar berildi, onda iki ýurduň Liderleri söz sözläp, taraplaryň dostluk we özara ynam, deňhukukly syýasy, iri möçberli ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge üýtgewsiz ygrarlydygyny tassykladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz kärdeşi Borut Pahora, Sloweniýa tarapynyň ähli wekillerine Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan myhmansöýerlik we netijeli işlemek üçin ähli şertleriň döredilendigi üçin çuňňur minnetdarlygyny beýan etdi. şu günki geçirilen türkmen-sloweniýa gepleşiklerine, hyzmatdaşlyk barada gol çekilen möhüm resminamalar toplumyna ýokary baha berip, türkmen Lideri onuň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek, ikitaraplaýyn görnüşde hem, iri halkara guramalarynyň çäklerinde hem gatnaşyklary giňeltmek ýolunda möhüm ädim bolup durýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Baştutany duşuşyklaryň jemlerini jemlemek bilen, biziň ýurdumyz Sloweniýa umumyýewropa howpsuzlygy babatynda, Ýewropa bilen Merkezi Aziýa sebitiniň ýakyn hyzmatdaşlyk etmeginiň işjeň tarapdary hökmünde möhüm hyzmatdaş hasaplaýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, biz energetika we ulag u

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru