Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň aýdan sözleriniň täze ýygyndysy neşir edildi

19:1012.05.2015
0
47379

Aşgabatda Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdan sözlerinden ybarat “Türkmenistan — abadançylygyň we rowaçlygyň ýurdy” diýen täze kitap neşir edildi.

Kitapda Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara maslahatlarynda eden çykyşlaryndan, baýramçylyk mynasybetli halkymyza gutlaglaryndan alnan gymmatly we parasatly sözleri türkmen, iňlis we rus dillerinde öz beýanyny tapdy. Olaryň köp bölegi uruş weteranlaryna, Watan goragçylaryna bagyşlanyp, türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüjilige, ynsanperwerlige we ýer ýüzüniň ähli halklary bilen özara bähbitli giň hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillerini şöhlelendirýär.   

Ýokary hilli neşir edilen kitap weteranlarymyz we Watanymyzyň häzirki  goragçylary, paýtagtymyzdaky “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumy baradaky fotosuratlar bilen owadan bezelipdir. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen kitap Watanymyzyň geljegi  bolan ýaş türkmenistanlylar üçin hem, Türkmenistanyň üstünlikleri bilen gyzyklanýan daşary ýurtly okyjylar üçin hem pähim-paýhasyň we bilimleriň möhüm çeşmesi bolup hyzmat eder.

Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy 12-nji maýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mejlisler zalynda geçirildi. Dabaraly çärä gatnaşyjylar kitabyň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki, eziz Watanymyzyň şöhratyny mundan beýläk-de artdyrmakdaky möhüm ornuny we ähmiýetini bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň