Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Ahal» «Altyn asyrdan» üstün çykdy

23:4414.09.2022
0
15928

Şu gün, 14-nji sentýabrda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň jemleýji duşuşygynda ýaryş tertibiniň öňbaşçylary «Ahal» bilen «Altyn asyr» toparlary duşuşdylar.

Bu duşuşykda hüjümde dürs oýnan «Ahal» 2:1 hasabynda üstün çykdy. Topara ýeňiş getiren toplary Resul Hojaýew bilen Didar Durduýew öz atlaryna ýazdyrdylar. Bu barada TFF-niň resmi saýtynda habar berildi.

Şeýlelikde, 9-njy tapgyryň jemi boýunça 25 utuk toplan «Ahal» ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam edýär. 18 utuk toplan «Altyn asyr» ikinji, 16 utugy bolan «Merw» bolsa üçünji orunlarda ornaşdylar.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 10-njy tapgyrynyň duşuşyklary 17-nji sentýabrda geçirilip, onda «Aşgabat» — «Merw», «Energetik» — «Ahal», «Altyn asyr» — «Şagadam» hem-de «Nebitçi» — «Köpetdag» toparlary duşuşarlar.

9-njy tapgyryň duşuşygy:

«Ahal» — «Altyn asyr» – 2:1

Gollar: 17 Resul Hojaýew, 65 Didar Durdyýew – 86 Röwşen Halmämmedow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň