Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 16-njy awgustda geçiriljek Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görülýär

09:1915.04.2015
1
2889

16-njy awgustda geçiriljek Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanda etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlaryny döretmek işleri başlandy. 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşikleriniň ilkinji guramalarynyň, şeýle hem raýatlaryň toparlarynyň ýygnaklarynda birnäçe dalaşgäriň kandidaturasy görkezilýär.

Etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlarynyň täze döredilen düzümleri üçin okuw maslahatlary geçiriler, olar maslahatlara gatnaşyjylara milli saýlaw kanunçylygynda, has takygy, Saýlaw kodeksinde bolup geçen özgerişlikler, öz wezipe borçlary hem-de saýlawlary geçirmegiň tertibi bilen doly tanyşmaga mümkinçilik berer. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň