Türkmenistanyň ilçisi Ermenistanyň prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

0
471
0
0

Türkmenistanyň ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow Ermenistanyň prezidenti Serž Sargsýana ynanç hatyny gowşurdy.

Döwlet baştutanynyň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, duşuşygyň barşynda Sargsýan dostluga we özara hormata esaslanýan ermeni-türkmen gatnaşyklary ýyl-ýyldan ösdürilýär.

Ermenistanyň prezidenti amala aşyrylýan ýokary derejedäki özara saparlaryň we olaryň çäklerinde gazanylýan ylalaşyklaryň Ermenistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýändigini belledi.

Respublikanyň baştutany täze türkmen ilçisiniň öz wezipesinde bolmagynyň dowamynda Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda-ykdysady, gumanitar we beýleki ulgamlardaky özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi we çuňlaşdyrylmagy ugrunda tagalla baryny etjekdigine ynam bildirdi.

Ilçi Maşalow öz gezeginde alyp barjak işiniň iki ýurduň prezidentleriniň arasynda köp ulgamlarda gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmaga gönükdiriljekdigine ynandyrdy.  

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru