Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň DIM-nde OBCE-niň wekiliýeti kabul edildi

07:1327.03.2015
0
2824

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde OBCE-niň dawalaryň öňüni almak boýunça merkeziniň direktory, her ýylda guralýan OBCE-niň Merkezi Aziýadaky meýdan gulluklarynyň sebitara duşuşygyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen ilçi Adam Koberaski bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, taraplar energetika ulgamynyň ösüşi, sebitara energetik hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek we bu ugurda howpsuzlygy üpjün etmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar Türkmenistanyň OBCE bilen özara hormat goýmagyň, ynanyşmagyň we düşünişmegiň, şeýle hem bilelikdäki teklipleri goldamagyň dünýä ösüşiniň wajyp meselelerini netijeli çözmäge gönükdirilen konstruktiw gepleşikleri yzygiderli alyp barmagyň tarapdary bolup çykyş edip gelýändigini bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň