Gazak we türkmen nebitiniň 644 müň tonnadan gowragy BTJ nebitgeçirijisiniň üsti bilen eksport edildi

0
325
0
0

Aşgabat, 8-nji ýanwar. «Türkmenportal».  

2014-nji ýylyň dekabrynda “Baku-Tbilisi-Jeýhan” nebitgeçirijisiniň üsti bilen gazak we türkmen nebitiniň 644, 134 müň tonnasy eksport edildi. “BNews.kz” saýty munuň geçen ýylyň iň oňat görkezijileriniň biridigini belleýär.

Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet nebit kompaniýasynda habar berişleri ýaly, 2013-nji ýylda nebitgeçirijiniň üsti bilen 620,436 tonn türkmen we gazak nebiti geçirilipdir. Munuň özi 3,8 göterim ösüş gazanylandygyny aňladýar.

“Baku-Tbilisi-Jeýhan” nebitgeçirijisiniň geçiriş ukyby bir gije-gündizde 1,2 million barrele deňdir. Häzirki wagtda bu nebitgeçiriji arkaly Azerbaýjanyň nebit ojaklaryndaky nebitler we türkmen nebiti daşary ýurtlara ugradylýar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru