Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halylarynyň dünýä bazaryndaky ornuny giňeltmegi tabşyrdy

13:4106.02.2021
0
5711

5-nji fewralda geçirilen iş maslahatynda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy O.Işangulyýewa hasabat bilen çykyş etdi.

2020-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda pudakda önüm öndürmek boýunça ösüş depgini 120,2 göterime barabar boldy.

Geçen ýylyň dowamynda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda 28 müň 560 inedördül metr el haly we haly önümleri dokaldy. Hasabat döwründe 2 müň 495 inedördül metr haly eksport edildi. Ösüş 105,1 göterime deň boldy.

Şeýle hem hasabatda Türkmenistanda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli hemaýat-goldawlary bilen halyçylyk sungatynyň ösdürilmegine, toplumlaýyn esasda öwrenilmegine möhüm üns berilýändigi we halylaryň gadymy nusgalarynyň aýawly saklanylmagy hem-de dünýäde wagyz edilmegi ugrunda giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygy, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygy bellenildi.

Hususan-da, el halylaryny dokamagy ösdürmek, haly we haly önümleriniň önümçiligini hem-de ýerlenilmegini kämilleşdirmek, bu gadymy  sungatyň halkyň durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşykly baý milli mirasyny, medeniýetini, taryhyny açyp görkezmek boýunça bellenen wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Birleşigiň ýolbaşçysy el halylary dokamakda ulanylýan çig mallar hem-de boýaglar barada hem habar berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudagy has-da ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, bütin dünýäde şöhrat gazanan köpasyrlyk milli halyçylyk däplerini häzirki döwürde mynasyp dowam edýän halyçy gelin-gyzlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin has oňaýly şertleri döretmek baradaky meselelere yzygiderli üns bermegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň