Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Moldowada çagalar bagyny we wepat bolan esgerleriň hormatyna ýadygärlikler toplumyny açdy

05:3218.05.2017
0
14383

Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa Awtonom çäkli düzüminiň Wulkaneşt etrabynyň Çişmikioý obasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen doganlyk halka sowgat hökmünde gurlan “Dostluk” çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy.

Mälim bolşy ýaly, bu pikir 2013-nji ýylda türkmen Lideriniň Kişinew şäherine resmi saparynyň barşynda beýan edildi. 2015-nji ýylyň maýynda Moldowanyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda çagalar bagynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Mekdebe çenli çagalar edarasynyň açylyş dabarasyna Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon hem geldi. Dabara türkmen tarapyndan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministry R. Meredow gatnaşdy. Gagauziýa Awtonom çäkli düzüminiň baştutany Irina Wlah bilen bilelikde olar toý bagyny kesip, “Dostluk” çagalar bagyny açdylar.

Wise-premýer türkmen Lideriniň adyndan ähli gagauz halkyna salam ýetirip, bu durmuş desgasynyň iki ýurduň arasyndaky dostlugyň nyşany bolup durýandygy mynasybetli, onuň “Dostluk” diýen ada eýe bolandygyny belledi.

Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon hem-de Gagauziýanyň Başkany Irina Wlah Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Çişmikioý obasyna ýapan serpaýy üçin çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Irina Wlah dabarada eden çykyşynda täze çagalar bagynyň gurulmagyny “soňky on ýylyň içinde Gagauziýada amala aşyrylan ähmiýetli durmuş taslamalarynyň biri” diýip atlandyrdy. “Şu günki waka diňe Çişmikioý obasynyň taryhyna girmek bilen çäklenmän, eýsem, Gagauziýada bilim we mekdebe çenli terbiýe ulgamyny ösdürmekde täze tapgyr bolar. Çünki şunuň ýaly çagalar bagy tutuş Moldowa Respublikasynda ýokdur” diýip, başkan belledi.

Eýeleýän meýdany 2950 inedördül metre deň bolan çagalar bagy 160 çaga we 8 topar üçin niýetlenip, olaryň ikisi logoped we ikisi irki ösüş toparlary bolup durýar. Bu ýerde çaganyň aňyny ösdürýän sapaklar üçin otaglar enjamlaşdyryldy. Olaryň hatarynda el işleri, informatika, lingwistika, gimnastika, şeýle hem aýdym-saz otaglary, ýüzülýän howuz bar.

Gurluşykçylar döwrebap tehnologiýalary we serişdeleri ulandylar, şunda energiýa netijeliligine aýratyn üns berildi. Bu ýerde oturdylan termo ses geçirmeýän ulgam elektrik energiýasynyň 70 göterimine çenlisini tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Türkmen tarapy (“Baýly gurluşyk”) çagalar bagynyň suw üpjünçiligi üçin Çişmikioýda täze artezian guýusyny gurdy.

Suw arassalaýjy enjamlaryň bolmagy desganyň ýene-de bir möhüm aýratynlygy bolup, onda suw arassalanandan soň, agaçlary suwarmak üçin ulanylar. Çagalar bagynyň 600 inedördül metre barabar bolan ýanaşyk ýerinde miweli bag oturdyldy, desganyň baş girelgesinden bina çenli bolsa erteki gahrymanlarynyň seýilgähi guruldy. Onuň uzalyp gidýän 670 inedördül metrden gowrak meýdanynda saýaly we pürli agaçlar oturdyldy.

Körpeler hem-de uly ýaşly çagalar üçin oýun meýdançalaryndan başga-da sport meýdançalarynyň ikisi (320 we 350 inedördül metr) döredildi. Dürli hojalyk binalary göz öňünde tutuldy. Tutuş toplumyň umumy meýdany bolsa 11 müň 400 inedördül metre barabardyr.

Etrabyň ýolbaşçylarynyň aýtmagyna görä, ilaty 5 müň adamdan gowrak bolan Çişmikioý obasy ýylsaýyn ulalýar. Häzire çenli obada bar bolan çagalar baglary könelip, diňe sygymy boýunça däl-de, eýsem, bilim edaralary üçin häzirki zaman ölçegleri boýunça hem talaba laýyk gelmeýär. Indi olaryň hemmesi “Dostluk” ertekiler şäherjigine birleşdiriler.

Täze, döwrebap çagalar bagyny gurmaga ýerli işçiler hem gatnaşdylar. Türkmen hünärmenleriniň we gagauzlaryň özara düşünişmegine bolsa dilleriň ýakynlygy ýardam etdi. Şunda diňe obanyň adyny mysal getirmek hem ýeterlikdir. Çişmikioý diýmek “Çeşmäniň başyndaky öý” diýmegi aňladýar.

Çişmikioý obasynda geçirilen, “Dostlugyň” körpe eýelerine we olaryň terbiýeçilerine  Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşurylan şu günki wakanyň üstüni Gagauziýanyň we Türkmenistanyň artistleriniň we tans toparlarynyň konserti ýetirdi. Şu gün obanyň merkezinde guralan dabarada sadaka berlip, onda myhmanlara ajaýyp türkmen palawy we beýleki milli tagamlar hödür edildi.

Elbetde, Türkmenistanyň maliýeleşdiren bu durmuş taslamasy halklaryň özara gatnaşyklarynda nobatdaky döwrüň başlangyjy bolup, olaryň ruhy taýdan ýakynlaşmagy, täze ynsanperwer gatnaşyklary we bilelikdäki asylly işleri üçin ýol açar.

Şeýle asylly işleri bolsa eýýäm mysal getirmek hem bolýar — aprel aýynda türkmen tarapy Beýik Ýeňşiň baýramçylygynyň hormatyna Delakeu moldowan obasynda (Nowoanensk etraby) 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan esgerleriň doganlyk gonamçylygyndaky ýadygärligi düýpli abatlady. Bu ýerde 1944-nji ýylyň 4-nji maýynda Moldowany faşistik basybalyjylardan azat etmek ugrunda gandöküşikli uruşda türkmen halkynyň görnükli ogly — ýazyjy Nurmyrat Saryhanow wepat boldy. Ol Harkow 299-njy atyjylyk diwiziýasynyň Bogdan Hmelniskiý ordenli 958-nji atyjylyk polkunda gulluk etdi.

Türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabyny N.Saryhanowyň “Şükür bagşy” eserine hem-de onuň esasynda režissýor Bulat Mansurowyň surata düşüren, dünýä kino sungatynyň nusgawy eserine öwrülen adybir filmine bagyşlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň