TÝL — 2017: 5-nji tapgyr — gyzykly hasaplamalar

0
179

Tapgyryň umumy aýratynlyklary:

Ýeňiji — ýer eýeleri: Tapgyrda geçirilen 3 duşuşygyň ikisi ýer eýeleriniň ýeňşi bilen tamamlandy.

7 gol: Entek ätiýaçda bir duşuşygy duran tapgyrda häzire çenli 7 gol bar.

Ýeňijä 2 gol: Tapgyrda ýeňiji bolan toparlaryň üçüsem garşydaş derwezä 2 goldan kän geçirip bilmedi.

32-niň 43 üstünligi: Şu güne çenli möwsümde 32 futbolçy 43 gol geçirdi.

5-nji tapgyrda-da dubl: Her tapgyrda bir oýunçynyň iki gezek tapawutlanmagy, 25-nji möwsümiň esasy aýratynlyklarynyň biri. Bu gezek hem adat bozulmady — Aly Gurbany bir duşuşykda iki gezek tapawutlandy.

«Aşgabat» — «Turan» — 2:0.

Gollar:

1:0, Azatberdi Tagandurdyýew 40’

2:0, Pirmyrat Gazakow 60’.

«Aşgabat» bir basgançak ýokary: Tapgyrda «Balkanyň» «Ahaldan» ýeňilmegi bilen, «Aşgabat» ýartyş tertibiniň altynjy basgançagyna çykdy.

Diňe duşuşykdaky birinji gol däl: Azat Tagandurdyýewiň goly diňe duşuşygyň ilkinji goly däl-de, oýunçynyň özüniň hem şu ýyldaky ilkinji geçiren goludyr.

1300 gynanç: Şu duşuşykda «Turan» öz derwezesinden Ýokary ligadaky 1300-nji goly geçirtdi.

«Köpetdag» — «Şagadam» — 1:2.

Gollar:

1:0, Ilýa Salow 15’

1:1, Amir Gurbany 26’

1:2, Amir Gurbany 36’ (11 m.j.u.)

5-de 5: 5 tapgyrda 5 gezek tapawutlanyp, häzirlikçe iň köp pökgi geçirenleriň kerwenbaşysyna öwrülen Amir Gurbany şol gollaryň 4-sini soňky 2 tapgyrda geçirdi.

Bir onlugy arka atan: «Şagadam» şu möwsümde garşydaş derwezelere 10 gol geçiren ilkinji topar boldy.

Birinji orunda bolsa-da: «Şagadam» ýaryş tertibiniň öňdebaryjysy bolsa-da, şu ýyl ilkinji gezek myhmançylykda ýeňiş gazandy.

40-njy duşuşyk: 2015-nji ýylda gaýtadan dikeldilen «Köpetdag» topary Ýokary ligadaky 40-njy duşuşygyny geçirdi.

«Ahal» — «Balkan» — 2:0.

Gollar:

1:0, Gurbanguly Aşyrow 5’

2:0, Yhlas Saparmämmedow 71’.

4 duşuşykda 9 utuk we 2-nji orun: Bu ýeňiş «Ahalyň» utuk sanyny 9-a çykaryp, oýun tapawudy bilen ýaryş tertibiniň  ikinji ornuna geçmegine getirdi.

Duşuşygy ýapdy, özüni açdy: Yhlas Saparmämmedow geçiren pökgüsi bilen duşuşygyň ykbalyny kesgitläp, ýeňijiniň kim boljagy baradaky sowallaryň gapysyny ýapdy. Başga bir gapyny bolsa açdy — ol Yhlasyň täze möwsümdäki gollarynyň gapysy. Futbolçy möwsümdäki ilkinji pökgüsini geçirdi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň