Çempionatda ikinji ýeňşini gazanan «Ahal» öňdebaryjynyň yzyndan ýetdi

23:5610.03.2017
0
3530

Milli çempionatymyzyň 3-nji tapgyrynda «Aşgabat stadionynda» Daşoguz şäheriniň «Turan» futbol topary bilen duşuşan «Ahal» ikinji ýeňşini gazandy.

Röwşen Meredowyň şägirtleri eýýäm 3-nji minutda hasaby açdylar. Çep ganatdan derwezäniň öňüne berlen pökgini Gurbanguly Aşyrow dürs urgusy bilen gola öwürmegiň hötdesinden geldi. Futbolda sen salmasaň, garşydaşlaryň salýar. 17-nji minutda sag ganatdan berlen pökgini bu gezek Wahyt Orazsähedow derwezä girizdi. Arakesmeden soň Myrat Annaýew garşydaş derwezä üçünji pökgini girizdi.

Bu ýeňişden soň, «Ahal» 6 utuk toplap, ýaryş tertibiniň öňdebaryjysy «Energetik» bilen deňleşdi. Ýöne Mary DES-iniň toparynyň entek bir oýny az. Toparyň «Altyn asyr» bilen boljak duşuşygy «aragatnaşykçylaryň» AFK Kubogynda Gyrgyzystanyň çempiony «Alaý» bilen geçiriljek duşuşyga gatnaşmak üçin Oş şäherinde girenligi sebäpli, 16-njy iýuna geçirildi.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 3-nji tapgyry 11-nji martdaky «Şagadam» — «Merw», «Köpetdag» — «Aşgabat» duşuşyklary bilen dowam eder.

Hasaplamalary söýýänler üçin oýnuň protokol maglumatlaryny ýerleşdirýäris:

«Ahal» — «Turan» — 3:0 (2:0)

10-njy mart. Aşgabat. «Aşgabat» stadiony. 100 tomaşaçy.

Gollar: Gurbanguly Aşyrow 3, Wahyt Orazsähedow 17, Myrat Annaýew 69.

Duýduryş kartyny alanlar: Merdan Rejepbaýew 59, Yzzat Hudaýbergenow 80 (Ikisi-de «Turandan»)

Emin: Igor Barabaş.

Duşuşygyň inspektory: Kontantin Korotkow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň