Turkmenportal logo
1:59
2140521405
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli halkara sergi geçirilýär

Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde 2020-nji ýylyň 1 — 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli halkara sergini geçirýär.


Guraýjy topar Türkmenistanyň dahylly ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.


Serginiň iş wagty:


— 1-nji dekabrda Türkmenistanyň söwda toplumynyň güni;


— 2-nji dekabrda oba hojalyk toplumynyň güni;


— 3-nji dekabrda nebit-gaz toplumynyň güni;


— 4-nji dekabrda gurluşyk we senagat toplumynyň güni;


— 5-nji dekabrda ulag we aragatnaşyk toplumynyň güni;


— 6-njy dekabrda ylym, bilim, sport we saglygy goraýyş toplumynyň güni;


— 7-nji dekabrda medeniýet toplumynyň güni;


— 8-nji dekabrda ykdysadyýet we bank toplumynyň güni;


— 9-njy dekabrda kanunçylyk ulgamynyň güni;


— 10-njy dekabrda Türkmenistanyň welaýatlarynyň güni;


— 11-nji dekabrda Daşary işler ministrliginiň güni;


Sergi her gün sagat 10:00-dan 18:00-a çenli, 12-nji dekabrda — jemleýji çäreler sagat 10:00-dan 17:00-a çenli geçirilýär.


Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.


Salgysy: Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýy.


Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 39-88-81, 39-88-86/85/83/84/82/70/68.

Salgysy: г. Ашхабад, Чандыбил шаёлы, 143Telefon belgisi: 39-88-81, 39-88-86/85/83/84/82/70/68.