Turkmenportal logo
Şu gün 12:17
36533653
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda çagalar döwletiň aladasy bilen gurşalan — Narine Saakýan

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bäş ýyllyk ýubileýi bilen gutlady. Ol ýurduň ýolbaşçylarynyň alyp barýan syýasaty netijesinde Türkmenistanda çagalaryň sagdynlygyň, bilimiň we parahat durmuşyň hözirini görýändiklerini belledi.

«Bu ýubileý ýurduň we ýolbaşçylaryň ýaş nesliň geljegi baradaky aladasynyň aýdyň subutnamasydyr. Çagalaryň geljegine, sagdyn durmuşyna, bilimine we asuda asmana maýa goýmak örän möhümdir. Hormatly Prezidentiň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň saýasynda türkmenistanly çagalarda bularyň ählisi bar» diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti Saakýanyň sözlerini getirýär.

Gaznanyň döredilmeginiň bäş ýyllygy mynasybetli dabaralar ýekşenbe güni Arkadag şäheriniň merkezi meýdançasynda geçirildi. Sylaglamak dabarasynda ýurtda akkreditirlenen halkara guramalaryň wekillerine «Arkadag» medaly gowşuryldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, bu sylaga Narine Saakýan, şeýle hem BMG-nyň çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna mynasyp boldular.

Saakýan bu sylagy BÖM-niň tutuş toparynyň goşan goşandynyň ykrarnamasy hökmünde kabul etdi. «Muny diňe bir öz şahsy sylagym däl-de, eýsem BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň tutuş toparynyň sylagy diýip hasaplaýaryn. Biz Türkmenistanda 30 ýyldan gowrak wagt bäri işläp gelýäris we ýurduň hökümeti bilen bilelikdäki işlerimizi dowam etdirmegi maksat edinýäris» diýip, ol nygtady.

BMG-niň wekili çagalaryň bähbidi üçin bilelikde işlemegiň möhümdigini hem belledi. «Haçanda her kes öz işini ýerine ýetirende, biz çagalaryň ýagty geljege bolan ynamyny berkitjek oňat netijeleri alýarys. Şu günki waka Türkmenistanyň ynsanperwer ýörelgelere ygrarlydygyny aýdyň görkezýär» diýip, Saakýan aýtdy.