Turkmenportal logo
Düýn 22:39
77067706
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň innowasion-ykdysady ösüşinde intellektual eýeçilik ulgamynyň ähmiýetini has-da artdyrmak, milli intellektual eýeçilik ulgamynyň hukuk binýadyny halkara standartlaryna laýyklykda kämilleşdirmek, intellektual eýeçilik hukuklarynyň netijeli goralmagyny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti intellektual eýeçilik hakyndaky Karara gol çekdi.  Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama laýyklykda, «Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin meýilnamasy tassyklanyldy. Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna konsepsiýada we meýilnamada bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.